Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Habarlar / Halkara esse bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglanyldy
    Halkara esse bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglanyldy
    Halkara esse bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglanyldy
    Halkara esse bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglanyldy
    Halkara esse bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglanyldy
    Halkara esse bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglanyldy
    Halkara esse bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglanyldy
    Halkara esse bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglanyldy
    Halkara esse bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglanyldy
    08/05/2024

    1585

    Halkara esse bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglanyldy

    2024-nji ýylyň 8-nji maýynda Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaýyň Bütidünýä güni mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň (Türkmenistan, Gazagystan Respublikasy, Gyrgyz Respublikasy, Täjigistan Respublikasy, Özbegistan Respublikasy) ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň, magistrantlarynyň arasynda “Dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy gorap saklamakda halkara ynsanperwer hukugynyň ähmiýeti” atly tema boýunça esse (düzme) ýazmak bäsleşiginiň netijeleri boýunça ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçirildi.
    Bu bäsleşigiň esasy maksady – Halkara ynsanperwer hukugynyň binýatlaýyn ýörelgelerini öz içine alýan bilimleri halk köpçüliginde giňden wagyz etmek we ýaýratmakdan ybarat bolup durýar.
    Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hem umumadamzat bähbitli ynsanperwer syýasatydyr. Bütin dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy gorap saklamakda Merkezi Aziýa döwletleriniň orny gün-günden barha güýçlenýär. Sebitiň döwletleriniň arasynda dostlugy, hoşniýetliligi, özara düşünişmegi, hyzmatdaşlygy ösdürmekde, sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde, ýurtlaryň syýasy, ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmakda, bilelikdäki bähbitlerini we başlangyçlaryny halkara giňişlikde ösdürmekde ägirt uly köpýyllyk netijeli işler alnyp barylýar.
    Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa döwletleriniň howpsuzlygyň bitewüligi, onuň dürli ugurlarynyň bölünmezligi we özara baglanyşyklylygy ýörelgesine eýerip, daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň we diplomatik akademiýalarynyň hünärmenleri bilen tejribe alyşmak boýunça işjeň hyzmatdaşlyk etmek TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan ýaşlarda bäsleşige gatnaşmaga uly gyzyklanma döretdi. Şunuň esasynda, esse (düzme) bäsleşigine gatnaşmaga isleg bildirip, hödürlenen işler jemi 90 sany bolup, olardan 28-si Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryndan we magistrantlardan gelip gowuşdy.
    Institut tarapyndan hyzmatdaş daşary ýurt ýokary okuw mekdepleri bilen özara düşünişmek hakynda baglaşylan Ähtnamalaryň çäklerinde döwletleriň bilim ulgamynda toplan oňyn tejribesini öwrenmek we bu babatda halkara hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmek çygrynda Özbegistan Respublikasynyň Dünýä ykdysadyýeti we diplomatiýasy uniwersitetinden, Gyrgyz Respublikasynyň K.Dikambaýew adyndaky Diplomatik akademiýasyndan, Gazagystan Respublikasynyň Al-Farabi adyndaky milli Gazak uniwersitetinden we Täjigistan Respublikasynyň birnäçe ýokary okuw medeplerinden işler tabşyryldy.
    Bäsleşige tabşyrylan işler ýaşlaryň ylmy barlaglarynyň netijeleriniň ýokary hillidigini görkezip, halkara ynsanperwer hukugy boýunça dürli meseleler babatda öz ylmy garaýyşlaryny beýan etmegi başardylar. “Dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy gorap saklamakda halkara ynsanperwer hukugynyň ähmiýeti” atly tema bagyşlanan esse (düzme) ýazmak bäsleşigine iň oňat ýazylan işleri bahalandyrmak we kesgitlemek Garaşsyz eminler topary tarapyndan bäsleşigiň Düzgünnamasyna laýyklykda seljerildi we bäsleşigiň netijeleri 2024-nji ýylyň 1-nji maýynda institutyň websaýtynda (iirmfa.edu.tm) ýerleşdirildi.
    Daşary ýurtlardan gatnaşan döwletleriň ýeňijileri bäsleşigiň jemleýji tapgyryna onlaýn görnüşinde birikdiler, şeýle hem agzalan bäsleşigiň Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky ýeňijilerine diplomlaryny we ýadygärlik sowgatlaryny Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky, Gyrgyz Respublikasyndaky, Täjigistan Respublikasyndaky, Özbegistan Respublikasyndaky ilçihanalarynyň üsti bilen gowşurylar.
    Bäsleşigiň ýeňijilerine “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

    Altyn BABYŞOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara hukugy fakultetiniň III ýyl talyby.

    Bu barada şu ýerde hem okap bilersiňiz:
    https://ashgabattimes.com/index.php/tm/2024/05/08/halkara-esse-baslesiginin-yenijilerinin-sylaglanys-dabarasy-gecirildi/
    http://turkmengazet.com/2024/05/09/halkara-ynsanperwer-hukugyna-bagyslanan-baslesigin-yenijileri-sylaglandy/

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi surady

    03/06/2025

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi
    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK surady

    03/06/2025

    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK
    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE  OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI surady

    02/06/2025

    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI