11/02/2025
703
GÖNI WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY AÇYK SAPAK GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 11-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 2025-nji ýylyň – “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli, şeýle-de Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň konsepsiýasynyň maksatlaryna laýyklykda göni wideoaragatnaşyk arkaly açyk sapak geçirildi. Sapagy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň müdiri, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň ussat diplomaty, professor, t.y.d., f.y.k Amangeldi Rahmanow alyp baryp, halypa mugallym “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy: taryhy we häzirki wagtda tutýan orny” atly tema bilen çykyş etdi. Göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen açyk sapaga ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdeplerinden talyplar gatnaşdylar.
Açyk sapagyň başynda halypa diplomat Amangeldi Rahmanow häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli goňşuçylyk, sebit hem-de ählumumy derejedäki netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan döredijilikli daşary syýasat strategiýasynyň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini belledi. Halypa ilçi 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmeginiň manysynyň, onuň taryhy kökleriniň ata-babalarymyzdan gaýdýan parahatsöýüjilikli, dostlukly gatnaşyklar bilen berk baglanyşyklygy dogrusynda gürrüň berdi. Şeýle-de diplomatiýa hünärinde ençeme ýyllap zähmet çeken ussat diplomat açyk sapagyň dowamynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň taryhy, bu babatda ilkinji gezek Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi, bitaraplyk ýörelgesiniň häzirki wagtda tutýan orny, onuň dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, ynanyşmagy üpjün etmekdäki wajyplygy hakynda giňişleýin gürrüň berdi. Mundan başga-da ussat diplomat Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde dünýäniň 185 döwleti Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesini biragyzdan ilkinji gezek ykrar edendigi, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda geçen 69-njy mejlisinde bolsa, 193 döwlet tarapyndan “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Rezolýusiýanyň gaýtadan kabul edilendigini belledi. Hem-de halypa mugallym 2017-nji ýylyň fewralynda geçen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry “Halkara Bitaraplyk güni” diýip yglan etmek barada degişli resminamanyň kabul edilmeginiň tutuş dünýäde parahatçylyk mukamy bolup ýaňlanandygyny aýratyn nygtady.
Sapagyň ahyrynda ussat diplomat häzirki wagta çenli ýurdumyzyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan köp sanly Kararnamalaryň kabul edilendigini belläp, goja taryhymyzdan gözbaş alýan parahatsöýüjilikli ýörelgeleriň bu günki gün ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasatynda giňden durmuşa geçirilýändigini aýratyn nygtady.
Hakykatdan-da, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşary syýasy başlangyçlarynyň dünýä ýüzünde dabaralanmagy Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň içeri syýasatynyň dowamy hasaplanýan daşary syýasy başlangyçlarynyň dünýäde parahatçylygy, deňhukuklylygy, özara düşünişmekligi goldaýandygyny aýdyňlygy bilen subut edýär. Halkara derejesinde ykrar edilen we wagt taýdan çäklendirilmedik häsiýeti bilen düýpli tapawutlanýan türkmen Bitaraplygy bütin dünýäde parahatçylygy ündeýän, halklary bagtyýarlyga çagyrýan, ynsanperwerligi wagyz edýän daşary syýasat ýörelgelerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr.
Suraý ÖWLIÝAGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa
kafedrasynyň mugallymy.
Soňky täzelikler

21/05/2025
OKUW SAPAGY GEÇIRILDI