Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • BILIM ULGAMYNDA TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGYNA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
        • ILÇINIŇ GATNAŞMAGYNDA UMUMY SAPAK GEÇIRILDI
      • Halkara günler
        • BÜTINDÜNÝÄ «BRAÝL» HARPLYGYNYŇ GÜNI
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • Täsirli duşuşyk
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Взгляд на 2026 год лидеров США, России и Китая
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Media
    Esasy / Habarlar / Fransuz dili boýunça ders bäsleşiginde üstünlik gazanan mekdep okuwçylaryny sylaglamak dabarasy
    Fransuz dili boýunça ders bäsleşiginde üstünlik gazanan mekdep okuwçylaryny sylaglamak dabarasy
    Fransuz dili boýunça ders bäsleşiginde üstünlik gazanan mekdep okuwçylaryny sylaglamak dabarasy
    Fransuz dili boýunça ders bäsleşiginde üstünlik gazanan mekdep okuwçylaryny sylaglamak dabarasy
    08/06/2023

    1832

    Fransuz dili boýunça ders bäsleşiginde üstünlik gazanan mekdep okuwçylaryny sylaglamak dabarasy

    2023-nji ýylyň 8-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň ýanyndaky Fransuz instituty tarapyndan Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň fransuz dili okadylýan orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda fransuz dili boýunça 2023-nji ýylyň aprel-maý aýlarynda diktant ýazmak, sowalnama jogap bermek we “Howa we wagt” temasy boýunça söhbetdeşlik gurnamak şertleri boýunça Türkmenistanda üçünji gezek geçirilen ders bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etmek we sylaglamak dabarasy geçirildi. Bu dabara Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi hanym Magali Katažar, Fransuz institutynyň direktory jenap Roman Guwerne, şol institutyň wekilleri, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekili, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw işleri boýunça prorektory Gülşat Ýusupowa, institutyň Dünýä dilleri kafedrasynyň fransuz dili mugallymy Ogulbeg Gazakowa, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň orta mekdepleriniň fransuz dili mugallymlary we mekdep okuwçylary, institutymyzyň fransuz dilini öwrenýän talyplary gatnaşdylar. Dabarany Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw işleri boýunça prorektory Gülşat Ýusupowa açyp, ders bäsleşiginde üstünlik gazanan mekdep okuwçylaryny gutlady hem olara okuwlarynda üstünlikleri arzuw etdi. Dabarada Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi hanym Magali Katažar çykyş edip, bu ders bäsleşigine Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň fransuz dili okadylýan orta mekdeplerinden köp sanly okuwçylaryň gatnaşandygyny belledi. Institutymyzyň fransuz dilini öwrenýän talyplary Magtymguly Pyragynyň fransuz diline terjime edilen goşgularyny, Gahryman Arkadagymyzyň fransuz diline terjime edilen «Ahalteke bedewi - biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» («L’Akhal-Téké, gloire et fierté du Turkménistan») atly kitabyndan parçany çeper okadylar we fransuz dilinde «Dernier métro» aýdymy aýdyldy. Şeýle-de, fransuz dilinde taýýarlanylan diwar gazetleriniň, okuw kitaplarynyň, sözlükleriň, çeper eserleriň sergisi guraldy. Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň fransuz dili okadylýan orta mekdeplerinden 3 dereje boýunça (welaýatlardaky mekdep okuwçylary; 3-nji synpdan 7-nji synpa çenli mekdep okuwçylary; 8-nji synpdan 11-nji synpa çenli mekdep okuwçylary) I, II we III orny eýelän ýeňijiler yglan edildi. Ýeňijiler Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Fransiýanyň Ilçihanasynyň diplomlary hem bäsleşigiň hemaýatkärleri bolan Bouygues Turkmen, TotalEnergie we VINCI Construction kompaniýalary, fransuz dilinde gürleýän ýurtlaryň (Ermenistan, Rumyniýa, Ukraina, Belgiýa, Şweýsariýa, Kanada) ilçihanalary, «Tissot» şweýsar sagat firmasy, «Alliance/Boutique de Paris» dükany, «La Tartine» fransuz çörek bişirilýän kärhanasy, «Dessange» gözellik salony, «Chopard» parfýumeriýasy, «Eurocosmetics» kompaniýasy, «Bossan Concept» dükany tarapyndan taýýarlanan sowgatlar bilen sylaglanyldy.

    Baýramdurdy AMANBERDIÝEW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara hukugy fakultetiniň III ýyl talyby.

    Şeýle hem bu barada şu ýerden okap bilersiňiz:
    https://www.turkmenistan.gov.tm/ru/post/73019/v-turkmenistane-nagradili-pobeditelej-olimpiady-po-francuzskomu-yazyku
    https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/73055/turkmenistanda-fransuz-dili-boyunca-gecirilen-olimpiadanyn-yenijileri-sylaglanyldy


    Soňky täzelikler

    MEDIA TOPARYNA «SAGDYNLYGYŇ WE RUHUBELENTLIGIŇ MEKANY TÜRKMENISTANYŇ SPORT DIPLOMATIÝASY» ATLY OKUW SAPAGY GEÇIRILDI surady

    24/01/2026

    MEDIA TOPARYNA «SAGDYNLYGYŇ WE RUHUBELENTLIGIŇ MEKANY TÜRKMENISTANYŇ SPORT DIPLOMATIÝASY» ATLY OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
    ÝAŞ HABARÇYLARA «HALKARA ÇÄRELERDE ALYPBARYJYNYŇ USSATLYGY» ATLY OKUW SAPAGY  GEÇIRILDI surady

    23/01/2026

    ÝAŞ HABARÇYLARA «HALKARA ÇÄRELERDE ALYPBARYJYNYŇ USSATLYGY» ATLY OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
    ÝAŞ HABARÇYLARA «SPORT ŽURNALISTINIŇ ERK ETMELI BAŞARNYKLARY» ATLY OKUW SAPAGY  GEÇIRILDI surady

    22/01/2026

    ÝAŞ HABARÇYLARA «SPORT ŽURNALISTINIŇ ERK ETMELI BAŞARNYKLARY» ATLY OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI