24
ENERGETIKA DIPLOMATIÝASYNA BAGYŞLANAN OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň “Energetika diplomatiýasy” ugry boýunça ilkinji okuw sapagy geçirildi.
Onda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallymy A.Baýramowa “Giriş. Energetika diplomatiýasy barada düşünje. Türkmenistanyň energetika diplomatiýasynyň milli, sebit we dünýä üçin wajyp ähmiýeti” atly tema boýunça giňişleýin gürrüň berdi. Okuw sapagynyň dowamynda ýurdumyzyň energetika diplomatiýasynyň milli, sebit we dünýä üçin ähmiýeti barada giňişleýin söhbet edildi. Şeýle hem, Türkmenistanyň başlangyjy bilen energetika boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynyň biragyzdan kabul edilendigi, olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändigi barada gürrüň edildi.
Okuw sapagynyň dowamynda energetika diplomatiýasy boýunça bilimlerini artdyran talyp ýaşlar özlerini gyzyklandyrýan soraglaryna jogap aldylar.
Ylýas ŞYHYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.