
12/04/2025
298
DOSTLUK, YNANYŞMAK, NETIJELILIK bilelikde ahlumumy abadançylygyň bähbidine
Abraýly halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek
Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda
hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän
Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň
biridir. Ýewropa Bileleşigi bilen däp bolan gatnaşyklar hem munuň
şeýledigine şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň
3-4-nji aprelde Özbegistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyryp,
«Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite
gatnaşmagy taryhy ähmiýete eýedir.
Mälim bolşy ýaly, Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlyk 1993-nji ýylda
ýola goýlup, geçen döwürde dürli ugurlarda — syýasy-diplomatik, söwda-
ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara gatnaşyklaryň oňyn tejribesi
toplandy. Ýurdumyz bilen ÝB-niň arasyndaky däp bolan dostlukly dialog özara
ynanyşmak, açyklyk ýörelgeleri esasynda üstünlikli ösdürilýär. Şunuň bilen
baglylykda, gadymy Samarkant şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa — Ýewropa
Bileleşigi» formatyndaky birinji sammit sebitara dialogyň işjeňleşdirilmegi
babatda möhüm ähmiýete eýedir. Bu forum sebitiň ösüşine, Ýewropa Bileleşigi
bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berip, öz netijeliligini görkezdi.
Sammitde hormatly Prezidentimiziň çykyş edip, häzirki döwrüň möhüm
meseleleri boýunça ýurdumyzyň ileri tutýan garaýyşlaryny beýan etmegi dünýä
jemgyýetçiliginde giň goldaw tapdy. Döwlet Baştutanymyz sebit parahatçylygy,
ykdysadyýetde we maýa goýumlarda, energetika, ulag, söwda pudaklarynda
hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada durup geçmek bilen: «Biz häzirki
şertlerde Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky syýasy-
diplomatik hyzmatdaşlyk sebitdäki we goňşy ýurtlardaky umumy ýagdaýlara
netijeli täsir etmäge ukyply diýip pikir edýäris» diýip belledi. Şunda Arkadagly
Gahryman Serdarymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 21-
nji martda 67 döwletiň awtordaşlygynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy»
atly Kararnamany biragyzdan kabul edendigine aýratyn ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Samarkantda bolmagynyň çäklerinde «Merkezi
Aziýa ählumumy howa meseleleriniň öňünde: bilelikdäki abadançylyk üçin
jebislik» atly halkara foruma hem gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyzyň halkara
klimat forumynda eden çuň manyly çykyşy «Merkezi Aziýa — Ýewropa
Bileleşigi» formatynyň çäginde howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleriň oňyn
çözgüdini tapmakda, bu babatda täze başlangyçlary ilerletmekde ýokary
ähmiýetliligi bilen tapawutlandy. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman
Serdarymyz sebitiň ýurtlarynyň Ýewropa Bileleşigini howa gün tertibiniň
meseleleri babatda geljegi uly hyzmatdaş hasaplaýandygyny belledi. Kömürturşy
gazyny we metan zyňyndylaryny azaltmak bolsa bu ugurda iň möhüm meseleleriň
biridir. Şunda soňky ýyllarda Türkmenistanda bu babatda amala aşyrylan işler
anyk mysallar arkaly beýan edildi.
Halkara gatnaşyklarynda bir maksatdan ugur alyp, anyk netije gazanmak üçin
agzybirlik, düşünişmek, jebislikde iş alyp barmak, ýurtlaryň ählisiniň bähbidini
deň tutmak ýaly ýörelgelere möhüm orun degişlidir. Milli Liderimiziň tagallasy
bilen öňe sürlen «Dialog — parahatçylygyň kepili» hem-de «Ösüş arkaly
parahatçylyk» atly ählumumy başlangyjyň özenini hem hut şu ýörelgeler düzýär.
Munuň özi gönüden-göni Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň mazmuny bilen gabat
gelýär. Şeýlelikde, Bitaraplyk ýörelgämizden ugur alýan daşary syýasy
gatnaşyklarda ýurdumyz sebit meselelerine oýlanyşykly çemeleşmek bilen, üçünji
müňýyllykda parahatçylyk taglymatynyň çuňlaşmagyna oňyn täsir edýär. Bu bolsa
Merkezi Aziýanyň diňe yklymda däl, eýsem, dünýä derejesindäki işlerde-de
eýeleýän ähmiýetli ornuny aýdyň ýüze çykarýar.
Goý, dünýäde ählumumy abadançylygyň, parahatçylygyň berkarar
bolmagynyň hatyrasyna parasatly başlangyçlary öňe sürýän türkmen halkynyň
Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de türkmen diplomatiýasyny ýeňişli
menzillerde öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak,
belent başlary aman bolsun!
Begmyrat ATAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary
institutynyň mugallymy.
Çeşme: «Nesil» gazeti, 12.03.2025 ý.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/7/articles/189291