43
Döredijilik — birleşdiriji güýç
Ýaşlygymyzyň iň bir arzyly döwründe — talyplyk ýyllarymyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi bolmagymyz uly bagt, belent mertebe. Hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyny diňe bir ýokary hormat we jogapkärçilik hökmünde däl, eýsem, medeniýetiň we sungatyň, edebiýatyň, döredijiligiň birleşdiriji güýjüniň nyşany, biz — ýaşlara döwlet derejesinde bildirilýän uly ynamyň alamaty hökmünde kabul edýäris.
Metbugat sahypalarynda, aýratyn hem, söýgüli neşirimiz bolan «Nesil» gazetiniň dürli rubrikalarynda ýaşlaryň döredijilikli işleri, şol sanda makalalarydyr hekaýalary, goşgulary halkymyza ýetirilýär. Derwaýys wakalara syn-seljerme bermäge, olar boýunça öz pikir-garaýyşlarymyzy beýan etmäge, döwrümize bolan buýsanjymyzy hut gazet sahypalary arkaly şöhlelendirmäge döredilýän mümkinçilikler biziň kalbymyzy nurlandyrýar, döredijilige bolan ynamymyzy berkidýär.
Häzirki wagtda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de döwlet Baştutanymyzyň goldaw-hemaýatlary bilen biz — talyp ýaşlar üçin ähli şertler döredilýär, täze ýokary okuw mekdepleri gurulýar, bilim ulgamynda uly özgerişler amala aşyrylýar. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, biziň hemmämizi bir mukaddes duýgy birleşdirýär, ol hem mähriban ýurdumyza, il-halkymyza çäksiz söýgüdir. Şoňa görä-de, biz — ajaýyp zamananyň bagtyýar ýaşlary ýurdumyzda alnyp barylýan beýik işleri wagyz etmekde döredijilikli zähmet çekýäris. Biz — geljekki halkaraçy žurnalistler hökmünde bütin dünýäde milli diplomatiýamyzy dabaralandyrmak bilen, ata Watanymyzyň belent ösüş-özgerişlerini dünýä ýaýmakda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde belentden wasp etmekde yhlasymyzy gaýgyrmarys.
Şu ajaýyp pursatda Milli Liderimizi hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, mähriban halkymyzy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan beýik işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýäris.
Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
halkara žurnalistikasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby, «Nesil» gazetiniň habarçysy.
Çeşme: «Nesil» gazeti, 21.09.2025 ý.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/7/articles/209033
Soňky täzelikler

21/09/2025
Halkyň ýürek owazy