Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
        • OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
        • Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň diplomatlary bilen jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça okuw sapagy geçirildi
      • Halkara günler
        • 13-nji fewral — Bütindünýä radio güni
        • 10-NJY FEWRAL — BÜTINDÜNÝÄ KÖSÜKLI ÖSÜMLIKLER GÜNI
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • «PARAHATÇYLYK MEDENIÝETI» ATLY ÝUNESKO KLUBYNYŇ HASABAT ÝYGNAGY GEÇIRILDI
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Media
    Esasy / Makalalar / Diplomatiýa ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň binýady
    Diplomatiýa ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň binýady surady
    18/02/2026

    94

    Diplomatiýa ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň binýady

    Häzirki zaman dünýäsinde diplomatiýa diňe bir döwletara gatnaşyklarynyň guraly däl-de, eýsem, umumadamzadyň parahatçylygynyň we durnukly ösüşiň özeni bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, her ýylyň 18-nji fewralynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni biz — geljekki diplomatlar üçin aýratyn buýsançly senedir.
    Milli Liderimiz: «Diplomatiýanyň wezipesi we manysy gepleşikleri geçirmekden, ylalaşygy gözlemekden, özara gatnaşyklaryň mäkäm köprülerini gurmakdan ybaratdyr. Türkmenistanyň tagallalary, ine, hut şu ugurlara gönükdirilendir» diýip belleýär. Şoňa görä-de, her ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününiň giňden bellenilip geçilmegi türkmen diplomatlaryna we olaryň alyp barýan asylly işlerine döwlet derejesinde goýulýan sarpanyň nyşanydyr. Milli senenamamyzda orun alan bu şanly baýram mynasybetli ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli, oňyn daşary syýasatynyň durmuşa geçirilmegine, daşary ýurtlar bilen dürli ulgamlarda gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, iri halkara guramalar bilen netijeli dialogyň giňeldilmegine goşan şahsy goşantlary hem-de Watanymyzyň öňünde bitiren beýleki hyzmatlary üçin diplomatik gullugyň işgärlerine «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşanynyň gowşurylmagy asylly däbe öwrüldi.
    Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen esaslandyrylan we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda täze belentliklere göterilýän «Açyk gapylar» syýasaty bu günki gün Türkmenistany sebitde we dünýäde ynamdar hyzmatdaş hökmünde tanatdy. Türkmen diplomatiýasynyň özboluşlylygy onuň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy bilen berk baglanyşyklydyr. Şunda halkara bileleşigiň giň goldawyna eýe bolan Watanymyzyň alyp barýan oňyn Bitaraplyk syýasaty ählumumy abadançylygyň bähbidine durnukly ösüşe, ynanyşmak dialogyna, netijeli hyzmatdaşlyga ýardam bermek bilen, parahatçylygy hem-de howpsuzlygy goldamagyň möhüm şertine öwrülýär. Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilmegi ata Watanymyzyň parahatçylykly ideýalara üýtgewsiz ygrarlydygynyň aýdyň beýanydyr.
    Türkmenistan döwletimiz özüniň üstünlikli durmuşa geçirýän daşary syýasatynda hut Milli Liderimiziň başlangyjy bilen giň dünýäde gyzgyn goldaw tapan «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesini, «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýen filosofiýany öňe sürýär. Biz muňa geçen ýylda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň, 12-nji dekabrda Aşgabatda guralan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumyň, şeýle hem ýurdumyzda geçirilen halkara maslahatlaryň we olaryň jemleri boýunça kabul edilen resminamalaryň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris.
    2025-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň halkymyza gowuşmagy möhüm ähmiýete eýe boldy. Bu kitap syýasatçylar, ylmy işgärler bilen birlikde, diplomatlar, geljekki halkaraçy hünärmenler üçinem gymmatly gollanmadyr. Bu neşirde döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işiniň kämilleşdirilmegi üçin biziň institutymyza möhüm ornuň degişlidigini buýsanç bilen belleýär. Hususan-da, Arkadagly Gahryman Serdarymyz diplomatlaryň hünär ussatlygynyň ýokarlandyrylmagy ugrunda tagalla edilýändigini nygtamak bilen: «Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty hem öňdebaryjy ylmyň we bilimiň merkezi hökmünde ýurdumyzyň diplomatik ýörelgelerini halkara derejede amala aşyrmaga ukyply hünärmenleri taýýarlamakda möhüm orny eýeleýär. Bu ýokary okuw mekdebi bitaraplyk syýasatynyň çäklerinde halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ukyply diplomatlary taýýarlamak boýunça möhüm wezipäni ýerine ýetirýär» diýip belleýär.
    Häzirki zaman dünýäsinde diplomat bolmak — diňe bir daşary ýurt dillerini bilmek ýa-da halkara şertnamalaryny öwrenmek däl, eýsem, öz halkyň bähbitlerine dünýä arenasynda mynasyp wekilçilik etmekdir. Biz ― geljekki halkaraçy hünärmenler özümize bildirilýän uly ynamy ödemek üçin döwrebap bilimleri ele alyp, Türkmenistanyň halkara abraýynyň has-da belende galmagyna goşant goşmagy özümiziň mukaddes borjumyz hasaplaýarys.
    Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, şeýle hem türkmen diplomatiýasynyň ähli wekillerini we halypa mugallymlarymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys. Goý, parahatçylygyň we dostlugynyň dabaralanmagy ugrunda alnyp barylýan asylly işler elmydama rowaçlyklara beslensin!

    Kaýum ZAHYROW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ DABARASY surady

    18/02/2026

    PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ DABARASY
    18-NJI FEWRAL — TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ GÜNI surady

    18/02/2026

    18-NJI FEWRAL — TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ GÜNI
    Parahatçylyk diplomatiýasy — umumadamzat bähbidine surady

    18/02/2026

    Parahatçylyk diplomatiýasy — umumadamzat bähbidine
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI