Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Habarlar / “DIALOG – PARAHATÇYLYGYŇ KEPILI” ATLY HALKARA FORUMY GEÇIRILDI
    “DIALOG – PARAHATÇYLYGYŇ KEPILI” ATLY HALKARA FORUMY GEÇIRILDI
    “DIALOG – PARAHATÇYLYGYŇ KEPILI” ATLY HALKARA FORUMY GEÇIRILDI
    “DIALOG – PARAHATÇYLYGYŇ KEPILI” ATLY HALKARA FORUMY GEÇIRILDI
    “DIALOG – PARAHATÇYLYGYŇ KEPILI” ATLY HALKARA FORUMY GEÇIRILDI
    “DIALOG – PARAHATÇYLYGYŇ KEPILI” ATLY HALKARA FORUMY GEÇIRILDI
    “DIALOG – PARAHATÇYLYGYŇ KEPILI” ATLY HALKARA FORUMY GEÇIRILDI
    “DIALOG – PARAHATÇYLYGYŇ KEPILI” ATLY HALKARA FORUMY GEÇIRILDI
    “DIALOG – PARAHATÇYLYGYŇ KEPILI” ATLY HALKARA FORUMY GEÇIRILDI
    11/12/2023

    1960

    “DIALOG – PARAHATÇYLYGYŇ KEPILI” ATLY HALKARA FORUMY GEÇIRILDI

    2023-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly halkara forumy geçirildi. Bu foruma Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we işgärleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň komitetleriniň ýolbaşçylary we deputatlary, daşary ýurt wekiliýetleri, Türkmenistanda akkreditlenen daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ýolbaşçylary we işgärleri, merkezi gazet – žurnallaryň redaktorlary we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor mugallymlary hem-de talyp ýaşlary gatnaşdylar. Şeýle-de forumyň çäklerinde Türkmenistanda akkreditlenen daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynyň Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 28 ýyllygyna bagyşlanan sergisi guraldy.
    Maslahatyň başynda çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygy, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, ähli türkmen halkyny we foruma gatnaşyjylary her ýylyň 12-nji dekabrynda giňden bellenilip geçilýän Halkara bitaraplyk güni bilen gutlady. Şeýle-de Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili Aksoltan Ataýewanyň, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko çykyşlary diňlenildi. Maslahatyň dowamynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Daşary syýasat meseleleri boýunça ýörite wekili, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk geňeşiniň Sekretarynyň orunbasary Abdulaziz Kamilowyň çykyşy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň prezidenti hanym Pia Kaumanyň wideo aragatnaşyk arkaly çykyşy, BMG-niň Baş sekretarynyň Ösüş Maksatnamasynyň (UNDP) Dolandyryjysynyň orunbasary, Ýewropa we Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyň agza ýurtlary boýunça býurosynyň sebitleýin direktory hanym Iwana Žiwkowiçiň çykyşy, BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadzeniň çykyşy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň Syýasy işler boýunça kömekçisi Ýousef Al Dobeanyň çykyşy, Rumyniýanyň Daşary işler ministri hanym Luminita Odebeskunyň wideo ýüzlenmesi, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Milli Azlyklaryň işi boýunça Ýokary Komissary Kaýrat Abdrahmanowyň çykyşy, Bütindünýä Saglygy goraýyş Guramasynyň Baş Sekretary Tedros Adhanom Gebreýesusyň wideo ýüzlenmesi, Ählumumy Ýaşyl Ösüş Institutynyň (GGGI) ýolbaşçysy Pan Gi Munuň wideo ýüzlenmesi diňlenildi. Maslahatyň ahyrynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly halkara forumyna gatnaşyjylaryň adyndan Ýüzlenme kabul edildi.
    Şeýle hem günüň ikinji ýarymynda, Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 28 ýyllygy mynasybetli “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly halkara forumy öz işini tematiki ýygnaklar arkaly dowam etdi. “Öňüni alyş diplomatiýasynyň guraly hökmünde dialogy ulanmak” atly tematiki ýygnak BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň binasynda, “Dialog arkaly parahatçylygy gazanmakda zenanlaryň orny” we “Ýaşlaryň sesi: Dialog arkaly geljekki nesilleriň mümkinçiliklerini giňeltmek” atly tematiki ýygnaklar Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda we “Halkara hyzmatdaşlygy: Global daşky gurşaw hyzmatdaşlygy boýunça diplomatik dialogy” atly tematiki ýygnak Birleşen Milletler Guramasynyň Aşgabatdaky binasynda geçirildi.
    “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly halkara forumy jemleýji resminamanyň kabul edilmegi bilen öz işini tamamlady.

    Aýgözel AŞIROWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.

    Şeýle hem bu barada şu ýerden okap bilersiňiz:
    https://turkmenportal.com/tm/photoreport/71178/tdimnin-hgide-diolog-parahatchylygyn-kepili-atly-halkara-forumy-gechirildi

    https://turkmenportal.com/tm/blog/71156?ISCI=010902

    https://instsld.gov.tm/habarlar/2023/%E2%80%9Cdialog-parahatcylygyn-kepili%E2%80%9D-atly-halkara-forumy-gecirildi

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi surady

    03/06/2025

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi
    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK surady

    03/06/2025

    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK
    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE  OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI surady

    02/06/2025

    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI