754
YLMYŇ WE PARAHATÇYLYGYŇ HALKARA HEPDELIGI MYNASYBETLI ÝUNESKO KLUBLARYNYŇ ARASYNDA DEBAT GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň “Parahatçylyk medeniýeti” hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň “Parahatçylyk, ynanyşmak — ynsanperwerligiň we ösüşiň binýady” ÝUNESKO klublarynyň agzalary bilen debat bäsleşigi geçirildi. Bu çäre ÝUNESKO-nyň çäginde yglan edilen 2025-nji ýyl “Halkara kwant ylymlary we tehnologiýa ýyly” hem-de Ylmyň we parahatçylygyň halkara hepdeligi mynasybetli, şeýle hem ylmy ösüşiň häzirki döwürde adamzadyň abadançylygyna, halkara gatnaşyklarynyň durnuklylygyna we parahatçylyk medeniýetiniň pugtalanmagyna edýän goşandyny wagyz etmek maksady bilen, “Will quantum science and new technologies serve to strengthen global peace?” (“Kwant ylymlary we täze tehnologiýalar ählumumy parahatçylygy berkitmäge hyzmat edip bilermi?”) atly temada geçirildi.
Toparlar kwant tehnologiýalarynyň mümkinçilikleri, sebit we ählumumy howpsuzlyga ýetirýän täsiri, kiberhowpsuzlygyň geljegi, emeli aňyň ösüşi, şeýle hem tehnologiýalaryň parahatçylyga edýän täsiri barada gatnaşyklary, ylmy seljerme we logiki deliller esasynda çykyş etdiler. Emin agzalaryň netijelerine görä, “Parahatçylyk, ynanyşmak — ynsanperwerligiň we ösüşiň binýady” ÝUNESKO klubynyň agzalarynyň çykyşlary öňe saýlandy.
Bu çäre ÝUNESKO klublarynyň hyzmatdaşlygyny berkitmäge, ýaşlaryň halkara ylmy meseleler boýunça pikirlerini beýan etmek ukyplaryny ösdürmäge, şeýle hem bilim arkaly parahatçylyk medeniýetini ilerletmäge giň mümkinçilik berdi.
Nuraly ALLAMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.