704
Daşkent duşuşygy: dostluk, ynanyşmak, netijelilik
Merkezi Aziýanyň ýüreginde ýerleşen, gadymyýetde Beýik Ýüpek ýolunyň kerwenlerini goýnundan geçiren Özbegistan biziň ýurdumyzyň hoşniýetli goňşusy, ýakyn dosty, ygtybarly hyzmatdaşydyr. Türkmenistan bilen dostlukly döwletiň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1993-nji ýylyň 7-nji fewralynda ýola goýuldy. Şondan bäri hem ikitaraplaýyn bähbitli gatnaşyklar has-da ýygjamlaşyp, strategik häsiýete eýe bolýar. Şunda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 16-17-nji noýabrynda Özbegistan Respublikasyna amala aşyran döwlet sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklarda täze sahypany açdy.
SEBIT HYZMATDAŞLYGYNDA TÄZE SAHYPA
Merkezi Aziýa bitewüligiň we mümkinçilikleriň giňişligi hökmünde häsiýetlendirilýär. Şu jähetden, hormatly Prezidentimiziň döwlet saparynyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gabat gelmegi ony mazmun taýdan has-da baýlaşdyrýar.
Ýakyn taryha nazar aýlasak, «Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy» atly mehanizmi döretmek başlangyjy 2017-nji ýylyň sentýabrynda öňe sürüldi. Şondan bäri sebitiň Liderleri 2018-nji ýylyň martynda Gazagystanda, 2019-njy ýylyň noýabrynda Özbegistanda, 2021-nji ýylyň awgustynda Türkmenistanda, 2022-nji ýylyň iýulynda Gyrgyzystanda, 2023-nji ýylyň sentýabrynda Täjigistanda, 2024-nji ýylyň awgustynda Gazagystanda guralan sammitlere gatnaşdylar.
Daşkent şäherinde geçirilen nobatdaky ýokary derejeli duşuşygyň gün tertibi döwletara hyzmatdaşlygyň giň ugurlaryny, şol sanda sebitde netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak, möhüm halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alyşmalary öz içine aldy. Mundan başga-da, sammitiň çäklerinde sebit hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge gönükdirilen ugurdaş çäreleriň birnäçesi guraldy. Hormatly Prezidentimiz ýokary derejeli duşuşykda taryhy söz sözledi. Şunda sebitiň ýurtlary bilen özara gatnaşyklarda ýurdumyzyň ileri tutýan ugurlary baradaky garaýyşlar beýan edilip, döwlet Baştutanymyz 2026-njy ýylda täze — «Merkezi Aziýa we Azerbaýjan» formatynda geçiriljek döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda Türkmenistanyň başlyklygyny kabul etdi. Duşuşygyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama, şeýle hem birnäçe resminamalara gol çekildi.
Azerbaýjan Respublikasynyň ilkinji gezek şu formata goşulyşmagy Daşkent duşuşygynyň esasy aýratynlygydyr. Mälim bolşy ýaly, bu başlangyç şu ýylyň 5-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň duşuşygynda Milli Liderimiz tarapyndan öňe sürüldi.
NETIJELI GATNAŞYKLARYŇ BINÝADY
Daşkentdäki «Kuksaroý» köşgünde döwlet Baştutanymyzyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşmagy döwletara gatnaşyklarda täze sahypany açdy. Birek-birege düşünişmek hem-de özara ynanyşmak ýagdaýynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda däp bolan türkmen-özbek gatnaşyklaryny mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýydyr geljekki mümkinçilikleri, özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri babatda pikir alşyldy.
Statistiki maglumatlar soňky sanlyja ýylda türkmen-özbek özara haryt dolanyşygynyň bäş esseden gowrak artyp, häzirki wagtda 1 milliard amerikan dollaryndan hem geçendigini habar berýär. Ony ýakyn geljekde 2 milliarda ýetirmek maksat edinilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň Özbegistana döwlet saparynyň çäklerinde dürli ugurlara degişli möhüm resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi.
ÇUŇŇUR HORMATYŇ NYŞANY
Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygy hem-de hormatly Prezidentimiziň dostlukly ýurda döwlet sapary diňe bir sebitiň däl-de, eýsem, dünýä syýasatçylarynyň ünsüni özüne çekdi. Şeýle iri wakalaryň dowamynda hormatly Prezidentimiziň Özbegistanyň ýokary döwlet sylagy — «Ýokary derejeli dostluk» (Oliý Darajali Dustlik) ordeni bilen sylaglanylmagy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hoşniýetli diplomatiýasynyň bütin dünýäde dabaralanýandygynyň nyşanydyr. Şunuň bilen birlikde, munuň özi Türkmenistana, türkmen halkyna, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda gazanylýan üstünliklere uly sarpa goýulýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi.
Dostlukly ýurduň abraýly döwlet sylagynyň gowşurylmagy hormatly Prezidentimiziň halkara giňişlikde, hususan-da, Özbegistan bilen hoşniýetli dost-doganlyk gatnaşyklaryny we medeni-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, parahatçylygy, ynanyşmagy pugtalandyrmak babatda öňe süren umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň we alyp barýan tutumly işleriniň ykrar edilýändigini görkezýär. Ýeri gelende, şu ýylyň aprelinde Özbegistana amala aşyran dostluk saparynyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyzyň hem bu orden bilen sylaglanandygyny buýsançly bellemelidiris.
IKI DOGANLYK HALKYŇ BÄHBIDINE
Türkmen-özbek serhetýaka söwda merkeziniň açylmagy şanly ýylymyzyň möhüm wakalarynyň biridir. Ýeri gelende bellesek, bu söwda merkeziniň gurluşygyna 2022-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda — özbek Lideriniň ýurdumyza resmi saparynyň çäklerinde badalga berlipdi. Bu wajyp taslamanyň durmuşa geçirilmegi haryt dolanyşygyny artdyrmak, maýa goýumlary çekmek, iki ýurduň telekeçileriniň we hojalygy ýöredýän subýektleriniň arasynda özara tejribe alyşmak hem-de gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikleri açýar. Serhetýaka söwda merkezinde diňe Özbegistanda we Türkmenistanda öndürilen önümleriň satuwy guralar.
Ykdysady diplomatiýada söwda amallarynyň ýeňilleşdirilmegi we sebit integrasiýasy, deňhukukly, köptaraplaýyn söwda ulgamyna esaslanýan işleri giňeltmek ykdysady ösüşi üpjün etmegiň esasy şertleri hasaplanylýar. Şu nukdaýnazardan, serhetýaka söwda merkezinde bölek söwda amallaryna rugsat edýän «erkin gümrük zolagy» düzgüni bolar. Zolaga giriş aýratyn barlag-goýberiş nokatlary arkaly amala aşyrylar. Türkmenistanyň raýatlary, şeýle hem goňşy ýurda gelen daşary ýurtlular bu ýerde bellenen möhletde wizasyz galyp bilerler. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Lebap, Özbegistanyň Buhara welaýatlarynda-da şuňa meňzeş bilelikdäki taslama işlenip düzülýär. Munuň özi ykdysady strategiýanyň dostlukly gatnaşyklaryň binýadyny berkitmekdäki möhüm ornuny aýdyňlaşdyrýar.
Maglumat hökmünde belläp geçsek, täze desgany Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň buýurmasy esasynda ýurdumyzyň Alyjylar jemgyýetleriniň birleşikleriniň merkezi dolandyryş edarasynyň abatlaýyş-gurluşyk bölüminiň düzümleri öz wagtynda we ýokary hil derejesinde bina etdiler. Söwda merkeziniň umumy meýdany 6 gektara barabar bolup, onuň 3 gektary ýurdumyzyň çägindedir. Zerurlyk bolanda ony halkara ylalaşyk arkaly ýene-de giňeltmek mümkindir. Hormatly Prezidentimiziň adyndan awtoulaglaryň gowşurylmagy söwda merkeziniň strategik ähmiýete eýedigini görkezýär.
* * *
Özbegistanyň halk şahyry Mahmud Toiriň: «Sallançakdan gözbaş alýar özbek-türkmen dostlugy» diýen setir bilen başlanýan şygry dostlukly gatnaşyklaryň mazmunyny aýdyňlaşdyrýar. Häzirki wagtda iki ýurduň Liderleriniň taglymatlary hem mazmun taýdan kybapdaş pikir-garaýşa esaslanýar. Bitarap Türkmenistan «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş şygarlar bilen dünýä ýaň salýan bolsa, Özbegistan «Ähli zat ynsan gadyry üçin», «Täze Özbegistanda il eziz, ynsan eziz» diýen şygarlar bilen öňe barýar. Şunda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Özbegistan Respublikasyna amala aşyran döwlet sapary täze taryhymyzyň möhüm wakalarynyň hataryndan orun aldy. Goý, türkmen-özbek dostlugy mundan beýläk-de gülläp össün!
Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, «Nesil».
Çeşme: «Nesil» gazeti, 22.11.2025 ý.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/7/articles/216341
Soňky täzelikler
03/12/2025
INTERNATIONAL VOLUNTEER DAY
02/12/2025
Ýokary hünär taýýarlygy tejribeden başlanýar