Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
        • “BIR GUŞAK, BIR ÝOL” BAŞLANGYJYNY DURMUŞA GEÇIRMEGIŇ ÇÄKLERINDE HARBIN TEHNOLOGIÝALAR INSTITUTYNDA GEÇIRILEN HALKARA YLMY MASLAHATY
      • Ilçileriň leksiýalary
        • IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYK HAS-DA BERKIDILÝÄR
      • Halkara günler
        • MAÝYPLYGY BOLAN ADAMLARYŇ HALKARA GÜNI
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
        • ÝAŞ DIPLOMATLAR MEKDEBINIŇ AGZALARY BILEN OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Halypa diplomat bilen açyk sapak geçirildi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / Çäksiz söýginiň gözbaşy
    Çäksiz söýginiň gözbaşy surady
    17/07/2025

    1251

    Çäksiz söýginiň gözbaşy

    Heý-de, unudyp bolarmy,
    Janyňa janyn gatany?!
    Çirim etmän uzyn gije,
    Daň saz berende ýatany.

    Heý-de, unudyp bolarmy,
    Ömründen ömür bereni?!
    Suwsan çagyň ýyly mähre,
    Gaşyňda gujak gereni.

    Heý-de, unudyp bolarmy,
    Daşyňa gala bolany?!
    Ulaşaňda gaýgy-gama,
    Derdiňi ilki duýany.

    Unudyp bolarmy, heý-de,
    Iň mährem, eziz ynsany?!
    Unutsaň gurap, solmazmy,
    Gursakda adam ynsaby?!

    ...Radioda ajaýyp aýdym ýaňlanýar: «Sen çyplaň inipdiň ýagty jahana, seni dünýä getireni unutma!». Aýdymyň jadyly owazyna maýyl bolup durşuňa, dünýädäki iň mähribän ynsanyň jahandaky ähli owazdan mährem sesini eşitmek üçin telefona eliňi ýetireniňi duýman galýarsyň. Şolbada hem oňa jaň gelýär. Jaň edýän ynsan — ynsanlaryň seresi, ýaşaýşyň gözbaşy. Ol ýene-de menden öňürtilemegi başardy. Näme üçindir, her gezek oňa ilkinji bolup jaň etmegi ýüregime düwsem-de, ol menden öňürtmegi başarýar. Bilmezlikde, durmuşyň hysyrdysyna gümra bolup, başagaýsyrap ýörşüňe, özümden beter meniň aladamy edýän ynsany az wagtlyk unudaýsaňam, ol asla muňa ýol bermeýär. Onuň mähirden pürepür sesini eşidip, öý-içeri barada, obanyň hal-ahwaly hakda soraýarsyň. Ol ýerde ähli zadyň gülala-güllükdigini, obadaşlaryň bagtyýar durmuşyň hözirini görüp, asuda, parahat ýaşaýandyklaryny eşidip, ýüzüňde şatlykdan doly ýylgyryş emele gelýär. Yz ýanyndanam sowallar ýagyp ugraýar: «Eşikleriňi taýýarladyňmy? Garnyň dokmy? Gerek zadyň barmy?». Içiňden: «Wah, synaglarda-da şeýle sowallar berilse bolmajakmy?!» diýeniňi duýman galýarsyň. Bu sowallaryň adaty, ýönekeý bolup görünmegi-de mümkin. Ýöne olaryň aňyrsynda çäksiz alada, yssy mähir, bir söz bilen aýdanyňda, päkize ýürek bar. Gündelik başagaýlygyň içinde şeýle sowallary başga kimden eşitjek diýsene?! Berilýän sowallaryň aglaba bölegi «Ertir haýsy sapak bar? Depderiňi ýazdyňmy? Tabşyrygy ýerine ýetirdiňmi?» ýaly, ýa-ha iş ýa-da adamlaryň özlerine gerek zatlar bilen baglanyşykly sowallar. Ýeriň ýüzünde özünden özge ynsan hakda şeýle aladalanmagy başarýan başga ynsan beri barmyka?! Adam tebigaty boýunça köplenç özi hakda oýlanyp, özi barada aladalanyp gezegen bolýar ahyry?! Emma onda bu ýagdaýa ters gelýän keramat bar. «Gudrat göreýin diýseň, daglara bar» diýilýär welin, mertebesi daglardan hem beýik bu ynsanyň her sözi tükeniksiz mähir-muhabbetden doly. Onuň heniz dünýäniň agyna-garasyna düşünmeýän çagalyk döwrüňem, epeý ýigit çykan wagtyňam (onuň gözünde entegem çaga) «Men süýji halamok, sen arkaýyn iýiber» diýýän diliniň gurbany bolsaň!
    Hakyky söýginiň sakasynyň nirededigi hakda oýlanyp görüpmidiňiz?! Adamzat neslini dowamat dowam eýleýän söýgi onuň ýüreginden gözbaş alýar. Megerem, şol söýgi, ynsana päk zähmeti bilen Watanyň ösüşine mynasyp goşandyny goşmaga, maşgalasynyň abatlygy, agzybirligi üçin ýadawsyz zähmet çekmäge güýç berýändir.
    Käýarym ýaşlyk edip, oýlanyşyksyz söz aýdaýsaňam, bilmezlikden göwnüne degäýseňem, hiç hili zowalsyz seni bagyşlap biljek merhemet hem onda bar. Jahanda onuň üçin iň gymmatly barlygy bolan perzendini Watana gerek bolanda, gözüni gyrpman uzak ýollara atarjak Tumar şa, Altynjan hatyna, has takygy, hakyky türkmen zenanyna mahsus mertlik, edermenlik hem dünýäniň diregi bolan şol ajaýyp ynsanda bar. Ol ynsanyň ady Eje!..

    Yhlas Hallyýew,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    halkara žurnalistikasy hünäriniň talyby,
    «Esger».

    Çeşme: "Esger" gazeti 17.07.2025 ý. // https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/201179

    Soňky täzelikler

    INTERNATIONAL VOLUNTEER DAY surady

    03/12/2025

    INTERNATIONAL VOLUNTEER DAY
    Ýokary hünär taýýarlygy tejribeden başlanýar surady

    02/12/2025

    Ýokary hünär taýýarlygy tejribeden başlanýar
    Türkmenistan bilen BMG-¬niň strategik hyzmatdaşlygy surady

    29/11/2025

    Türkmenistan bilen BMG-¬niň strategik hyzmatdaşlygy
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI