Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • TÜRKMEN MILLI LYBASLARYNYŇ GÖRKEZILIŞ DABARASY GEÇIRILDI
        • «Ýaşlyk» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde okuw sapagy geçirildi
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Энергия, климат и транспорт: подход Туркменистана к приоритетам регионального развития
        • Дигитализация и AI как драйвер ускорения на треке Центральная Азия – Республика Корея
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
        • “Kiberhowpsuzlyk boýunça strategiýalar” atly sanly ulgam arkaly maslahat geçirildi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Halkara günler / Bütindünýä radio güni
    Bütindünýä radio güni surady
    13/02/2025

    1442

    Bütindünýä radio güni

    Bütindünýä tehnologiki innowasiýalaryň çaltlygy bilen tapawutlanýan döwürde, radio dünýäde iň ygtybarly we giňden ulanylýan metbugat görnüşleriniň biri hökmünde hyzmat edýär. Radio dünýäde we ýurduň içinde bolup geçýän täzelikleri, habarlary, halkyň durmuşa geçirýän işleri, üstünlikleri baradaky maglumatlary ýaýratmakda ygtybarly serişde bolup hyzmat edýär. Radio tizligi we elýeterliligi boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň içinde has giň gerimi öz içine alýar. Bu täsin guralyň oýlanylyp tapylanyna ýüz ýyldan köp wagt geçse-de adamzadyň durmuşyndaky ähmiýetini ýitirmän gelýär.
    Radio tolkunlaryny sese öwrüp, üç kilometr uzaga ýetirmegi başaran italýan alymy Guglielmo Markoni 1895-nji ýylda radiony oýlap tapypdyr. Bu täsin guralyň oýlanylyp tapylmagyna J.Makswel, N.Tesla ýaly birnäçe alymlar täsir eden bolsa-da, Markoni ilki bilen radiony halka tanatmagy başarypdyr. Şeýle hem, Guglielmo Markoni bu oýlap tapyşy bilen 1909-njy ýylda Nobel baýragyna mynasyp bolupdyr.
    1946-njy ýylyň 13-nji fewralynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan BMG-niň radiosy döredilipdi. 1950-nji ýylyň 12-nji fewralynda Ýewropanyň radiogepleşikler birleşmesi döredilýär. Birleşmäniň baş edarasy Ženewa şäherinde bolup, Aziýada, Afrikada, Latyn Amerikasynda agzalary bar.
    2011-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasy 13-nji fewraly Bütindünýä radio güni diýip yglan etdi. 2013-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan bu sene resmi ýagdaýda makullanyldy we BMG-niň Baş Assambleýasynyň 67-nji mejlisinde «13-nji fewral Bütindünýä radio güni diýip yglan etmek» baradaky Kararnama kabul edildi.
    Türkmenistanda radio sungaty öz gözbaşyny 1926-njy ýylyň ýanwar aýynda döredilen «Radiosöýüjileriň» jemgyýetinden alyp gaýdýar. Sähel wagtyň içinde, has dogrusy, 1927-nji ýylyň noýabr aýynda radiostansiýa döredilýär we ilkinji radiogepleşikler ýaýlyma berlip başlanýar. Maglumatlara görä, 1927-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Aşgabadyň Karl Marks köçesinde ilkinji gezek Moskwanyň Gyzyl meýdançasynda geçirilen baýramçylyk dabarasy «Moskwanyň sesi» ady bilen ýaňlanýar. 1935-nji ýylda Aşgabadyň radiogepleşikler stansiýasyna has kuwwatly enjamlaryň gelmegi bilen, türkmen radio sungatynyň ösüş ýoly başlanýar. 1940-njy ýyla çenli eýýäm şäherdir etrap merkezlerinde radiouzeller gurnalýar.
    Häzirki wagtda köpçülikleýin habar beriş serişdelerini kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek ugrunda ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda «Watan», «Çar tarapdan», «Miras», «Owaz» radioýaýlymlary hereket edýär. Türkmen radiosynyň zähmetsöýer işgärleri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň saýasynda döredilýän mümkinçiliklerinden peýdalanyp döwrebap işleri bilen halka hyzmat edýärler. Ýurdumyzda yzygiderli ýaýlyma berilýän radiogepleşikler öz diňleýjilerini diňe bir habarlar bilen üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, birnäçe gyzykly, terbiýeçilik ähmiýetine eýe bolan medeni-dynç alyş sahypalary bilen hem ruhy lezzet berýär.
    Bütindünýä radio gününiň maksady köpçüligiň we metbugatyň arasynda radionyň ähmiýeti barada has köp habarlylygy ýokarlandyrmak bilen baglanyşyklydyr.

    Selbi BATYROWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY! surady

    01/06/2025

    TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
    1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni surady

    31/05/2025

    1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
    INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN  TURKMENISTAN surady

    30/05/2025

    INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI