28/04/2025
595
Biz dostlugyň şäheri — Aşgabatda
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýaş nesliň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlar bolup ýetişmekleri ugrunda ählitaraplaýyn tagallalar edilýär. Hut şonuň netijesinde hem ýurdumyzda birnäçe halkara derejesinde olimpiadalardyr ýaryşlar yzygiderli geçirilýär. 2025-nji ýylyň 21-26-nji aprel aralygynda dünýäniň 15 döwletiniň mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen II Halkara matematika olimpiadasy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Gözel paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen halkara bäsleşik ýokary derejede guramaçylykly ýagdaýa eýe boldy. Muny doganlyk ýurtlardan halkara derejesinde geçirilýän mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän II Halkara matematika olimpiadasyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen myhmanlar hem öwran-öwran nygtadylar. Biz, ýaş žurnalistlere olimpiada gatnaşan okuwçylar bilen söhbetdeş bolmak bagty miýesser etdi. Olaryň käbirleriniň ýürek buýsanjyny saýtymyzyň okyjylaryna ýetirmegi makul bildik.
Maksadbek EGAMBERDIÝEW,
Özbegistan Respublikasynyň mekdep okuwçysy :
— Mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän II halkara matematika olimpiadasyna öz deň-duşlarym bilen gatnaşmaga geldim. Bu bäsleşige gatnaşmaga bolan uly höwesimiň esasy sebäpleriniň biri hem geçen ýyl şeýle bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolmagymdyr. Türkmen halky şeýle myhmansöýer halk. Bäsleşigiň çäginde guralan gezelençler bizde has gowy täsir galdyrdy. Paýtagtyň gözel ýerlerini görmek üçin uly mümkinçilikler döredildi. Olimpiadanyň şatlyk-şowhunly açylyş dabarasy, Aşgabat şäheriniň ajaýyp keşbi, olimpiada gatnaşyjylar bilen täze tanyşlyklar ýatdan çykmajak pursatlary galdyrdy. Şeýle bäsleşikleriň geçirilmegi türkmen we özbek halklarynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga ýardam edýär. Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän iki ýurduň hem Döwlet Baştutanlaryna özümiziň hoşallygymyzy bildirýäris.
Kuiang BINÝI,
Hytaý Halk Respublikasynyň mekdep okuwçysy:
— Meniň Türkmenistana ilkinji gezek gelşim. Bu bäsleşigiň çäginde biziň her bir günümiz ýatdagalyjy pursatlar bilen geçdi. Biz üçin gurnalan gezelençlerde daşary ýurtly myhmanlar bilen tanyşmaga, birek-birek bilen içgin pikir alyşmaga, uly mümkinçilik boldy. Türkmen halkynyň gadymy taryhy, myhmansöýerligi, däp-dessurlary meni diýseň haýrana galdyrdy. Şeýle halkara derejesindäki bäsleşikleriň geçirilmegi bolsa iki döwletiň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösmegine uly ýardam berer diýip tüýs ýüregimden ynanýaryn. Bu bäsleşikleriň ýokary derejede geçirilmegi ugrunda edýän aladalary üçin Türkmenistanyň hormatly Prezidentine sagbolsun aýdýaryn. Goý, türkmen-hytaý dostlugy ebedi bolsun!
Taýýarlan: Şahnoza ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.