16/10/2026
71
BITARAPLYK WE HALKARA HUKUGY: TÜRKMENISTANYŇ MILLI KONSEPSIÝASYNYŇ ESASLARY
Demokratik, hukuk hem-de dünýewi döwletimiz Garaşsyzlyk ýyllarynda BMG we iri halkara guramalar bilen parahatçylygy ilerletmäge işjeň gatnaşýar. Ýurdumyz halkara borçnamalaryna pugta ygrarly bolmak bilen, sebitdäki we dünýädäki dartgynlylyklaryň öňüni almaga oýlanyşykly çemeleşýär. Türkmenistan adamzat goragyny üpjün etmek hem-de syýasy-ykdysady çökgünligiň öňüni almak ugrunda täsirli çözgütleri öňe sürýär hem-de halkara hukugyň ygtybarlylygy üçin ähli döwletleriň tagallalaryny birleşdirmäge çagyrýar. Şunlukda, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady, ekologiýa, ulag-energetika we ynsanperwer ugurlardaky öňe sürýän teklipleri halkara resminamalarda öz aýdyň beýanyny tapýar.
Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýy giňden bellenilýän wagtlarda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi ýokarda aýdylanlaryň üstüni ýetirýär. Bu buýsançly waka taryhy şöhratly, gadamlary rowaç, her bir güni şanly wakalar bilen garşylanýan berkarar Watanymyzyň halkara giňişlikdäki at-abraýyny has-da belende göterýär. Bagtyýar halkymyzyň milli Garaşsyzlygymyz mynasybetli toý şatlygyny goşalandyryp, täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Parahatçylyk döredijiligi baş maksat edinýän döwletimiziň ählumumy howpsuzlygy wagyz ediji, ynanyşmagy ündeýji halkara ähmiýetli tagallalary BMG-niň giň goldawyna we ýokary ynamyna mynasypdygynyň, bilelikde alnyp baryljak umumy bähbitli işleriň geljekde-de netijeli boljakdygynyň aýdyň güwäsidir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda ileri tutýan ugurlary-da ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, oňyn dialog we özara ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasynyň üýtgewsizdigini görkezýär.
Türkmenistanyň baky Bitaraplygy we halkara hukugynyň kadalary bir-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly bolup, döwletimiziň daşary syýasatynyň esasyny düzýär. 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda «Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy» atly milli Konsepsiýa resmi taýdan tassyklanyldy. Bu resminama ýurdumyzyň daşary syýasatdaky ornuny kesgitlemek bilen çäklenmän, eýsem, halkara hyzmatdaşlygynyň, ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň hukuk binýadyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Täze tassyklanan konsepsiýa türkmen diplomatiýasynyň halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna doly laýyk gelýändigini tassyklaýar. Türkmenistanyň baky Bitaraplygy diňe bir syýasy ýörelge bolman, eýsem barha kämilleşýän hukuk konsepsiýasydyr we onuň netijeliligi wagt tarapyndan synaldy. Tassyklanan «Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy» milli Konsepsiýasy geljekki nesiller hem-de halkara giňişligi üçin möhüm ugrukdyryjy resminama bolup, ol Türkmenistanyň ynsanperwer, parahatçylyk söýüji we ynamdar hyzmatdaş hökmündäki abraýyny täze belentliklere göterýär.
Halkara hukugy, ilkinji nobatda, döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary parahatçylykly we adalatly esasda sazlaşdyrýan, global howpsuzlygy kepillendirýän iň wajyp hem-de ygtybarly guraldyr. Türkmenistan dünýädäki çylşyrymly syýasy we ykdysady gapma-garşylyklary çözmekde harby güýç ulanmak, dawa-jenjel döretmek ýaly çemeleşmeleri düýbünden ret edýär. Döwletimiz jedelli meseleleriň diňe diplomatik usullaryň, parahatçylykly gepleşikleriň kömegi bilen ulanylmalydygyny, özara düşünişmek we gepleşikler arkaly ylalaşyga gelinmelidigini dünýä ýüzünde aç-açan wagyz edýär. Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň dabaralanmasy, diňe bir milli bähbitlerimiziň goralmagy däl, eýsem ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň esasyny emele getirýär. Bu işde ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň halkara giňişliginde bitirýän diplomatik wezipesi uly hem-de ummasyzdyr. Bitaraplyk statusy Garaşsyz döwletimiziň sebitdäki we dünýädäki ähli ýurtlar bilen deňhukukly hem-de özara bähbitli gatnaşyklary alyp barmagy üçin örän ygtybarly we asuda şertleri döredýär.
Türkmenistanyň bitaraplyk syýasaty ählumumy strategik deňeçerligiň möhüm guraly hökmünde sebit howpsuzlygynyň baş şertini emele getirýär. Goňşy döwletler bilen bilelikde BMG bilen ýygjam gatnaşyklary ösdürmek, jedelli ýagdaýlaryň öňüni almagyň guralyny döretmek, Merkezi Aziýada özara düşünişmek, ynanyşmak ugurlaryny tassyklamak boýunça iş alyp barýar. Bitarap Türkmenistanyň çägi sebitleýin gün tertibiniň birnäçe çylşyrymly meseleleri boýunça gepleşikleri geçirmek üçin kabul ederlikli ýer hökmünde birnäçe gezek saýlandy. Umuman, bitaraplyk ýörelgeleri, onuň parahatçylyk dörediji mümkinçilikleri gapma-garşylyklary kadalaşdyrmak, olaryň öňüni almak hem-de aradan aýyrmak we ony gepleşikler arkaly çözmek meselesinde özüniň netijeliligini görkezýär hem-de halkara diplomatik gatnaşyklarda möhüm orun eýelemek bilen ýokary derejede ykrar edilýär.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan özüniň daşary we içeri syýasatynda halkara hukugynyň we umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulmagyny dabaralandyrýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 9-njy maddasynda halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulýandygy, şeýle hem milli kanunçylykda Türkmenistanyň halkara şertnamasynda Türkmenistanyň kanunçylygyndakydan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalarynyň ulanylýandygy berkidilendir. Bu ýörelge döwletimiziň halkara jemgyýetçiliginiň öňündäki borçnamalaryna yzygiderli ygrarlydygyny görkezýär.
Türkmenistan häzirki wagtda 150-den gowrak köptaraply halkara resminamalaryň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary tarapyndan kabul edilen 130-dan gowrak konwensiýanyň doly hukukly agzasydyr. Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna yzygiderli eýerýän döwlet hökmünde Türkmenistan halkara gatnaşyklarynda parahatçylykly we diplomatik gepleşikler institutyna aýratyn ähmiýet berýär. Bu ugra degişli bolan Diplomatik gatnaşyklar hakynda Wena konwensiýasy (1961-nji ýyl) — ýurdumyzyň daşary ýurtlar bilen ilçihana we diplomatik wekilçilik derejesindäki gatnaşyklarynyň kadalaşdyrylmagyny şeýle hem, Şertnamalar hukugy hakynda Wena konwensiýasy (1969-njy ýyl) — döwletara we köptaraply şertnamalary baglaşmagyň, ýerine ýetirmegiň we ýatyrmagyň takyk hukuk mehanizmlerini milli tejribä we bütindünýä nusgasyna laýyklykda amala aşyrmaga hukuk esasyny berýär.
Dünýä taryhyna nazar aýlanymyzda, döwletleriň ösüş ýoluny kesgitleýän esasy şertleriň diňe bir ykdysady mümkinçilikler ýa-da syýasy täsir bilen çäklenmeýändigine göz ýetirýäris. Döwletleriň arasynda uzak möhletli ynamly gatnaşyklaryň kemala gelmegi, parahatçylygyň üpjün edilmegi we umumy ösüşiň gazanylmagy, ilkinji nobatda, hukuk ýörelgelerine daýanýar. Şu nukdaýnazardan, halkara hukuk adamzadyň parahat we sazlaşykly ösüşini üpjün edýän iň möhüm gymmatlyklaryň biri hökmünde çykyş edýär. Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bolsa bu ugurda täze mümkinçilikleri açýar, hukuk esasly hyzmatdaşlygyň täze mehanizmlerini işläp düzmäge çagyrýar. Şeýle şertlerde halkara hukugyň ähmiýetini has-da ýokarlandyrmak döwrüň möhüm talabyna öwrülýär. Hut şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi aýratyn taryhy ähmiýete eýedir. Bu başlangyç Türkmenistanyň dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we hukuk esasly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda alyp barýan daşary syýasatynyň möhüm netijesidir. «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly halkara başlangyç halkara hukugyň döwletleriň arasyndaky gatnaşyklardaky ornuny has-da berkitmäge, hukuk ýörelgelerine bolan hormaty ýokarlandyrmaga we dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni hukuk medeniýetiniň ähmiýetine çekmäge gönükdirilendir. Dünýäniň 78 döwletiniň Kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etmegi döwlet Baştutanymyzyň Milletler Bileleşiginde öňe süren bu teklibiniň adamzadyň umumy bähbitlerini nazarlaýandygyny aýdyň görkezýär. Häzirki wagtda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen täze Kararnamanyň düzgünlerini iş ýüzünde durmuşa geçirmek, şeýle hem ýurdumyzyň bu ugurdaky halkara başlangyjynyň mazmunyny giňden açyp görkezmek möhüm ähmiýete eýe bolup, şunda halkara we milli derejede birnäçe möhüm işler alnyp barlar. Olaryň hatarynda 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň taslamasyny taýýarlamak, bu boýunça pudagara iş toparyny döretmek, Milli konsepsiýany taýýarlamak we ony Milletler Bileleşiginiň resminamasy hökmünde BMG-ä agza döwletleriň arasynda ýaýratmak, degişli ugurda sebit we halkara maslahatlary, duşuşyklary geçirmek, şeýle hem 2028-nji ýylda Aşgabat şäherinde BMG-niň howandarlygynda halkara hukuk boýunça ýokary derejeli bütindünýä forumyny geçirmek, onuň jemleri boýunça Aşgabat Jarnamasyny kabul etmek mümkinçiligine seretmek ýaly birnäçe wezipeler toplumy bar.
Şeýlelikde, häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň tejribesinden görnüşi ýaly, parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň esasy şertleriniň biri halkara hukugyň hökmürowanlygyny üpjün etmekden ybaratdyr. Şunda ýurdumyzyň «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly başlangyjy döwletleriň arasynda özara ynamy, deňhukukly hyzmatdaşlygy we hukuk medeniýetini ösdürmäge gönükdirilen möhüm ädim bolup, halkara hukugyň häzirki zaman dünýäsindäki ornuny has-da pugtalandyrmaga hyzmat eder.
Rahym AKMURADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallymy
Soňky täzelikler
10/10/2026
AWAZA DÜNÝÄNI BIRLEŞDIRÝÄR
09/10/2026
Awaza duşuşyklary: täze gözýetimler
07/10/2026
SHAPING THE FUTURE: WORLD TEACHERS’ DAY