03/10/2026
44
Bilimden tejribä, tejribeden kämillige
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň kämil şahsyýet hökmünde kemala gelmegi we olaryň döwrebap ylym-bilim almaklary döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Biz ýaşlaryň bilimi ertirki günüň ösüşini kesgitleýän esasy güýçdür. Biz ýaşlara döredilýän giň mümkinçilikler, döwrebap bilim almak, halkara tejribesini öwrenmek we hünär başarnyklarymyzy kämilleşdirmek üçin şertleriň döredilmegi ýurdumyzyň ýagty geljegine gönükdirilen beýik maksatlaryň aýdyň beýanydyr.
Şeýle mümkinçilikleriň biri hökmünde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplarynyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarda önümçilik tejribeliklerini geçýändigini aýratyn bellemek gerek. Olar ýaşlaryň diňe bir okuwda alan nazary bilimlerini berkitmegine däl, eýsem, halkara gatnaşyklarynyň çylşyrymly dünýäsine aralaşyp, saýlap alan hünärine bolan garaýşyny has-da baýlaşdyrmagyna ýardam edýär. Biz talyplara hem Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky ilçihanasynda önümçilik tejribeligini geçmek bagty miýesser etdi.
Önümçilik tejribeligi biziň üçin okuw maksatnamasynyň bir bölegi bolman, eýsem, hünär ýolumyzda möhüm ädim, uly durmuş mekdebi boldy. Biz ylym-bilimiň diňe bir kitaplardan we okuw otaglaryndan ybarat däldigine, hakyky tejribe bilen utgaşanda onuň ynsanyň durmuşynda has uly ähmiýete eýe bolýandygyna ýene bir gezek göz ýetirdik.
Biz ýaşlar üçin döredilýän şeýle giň mümkinçilikleriň miwesini görýäris. Dünýäniň dürli künjeklerinde bilim almaga, tejribe toplamaga, halkara derejesindäki çärelere gatnaşmaga döredilýän şertler bize diňe bir hünär öwretmän, eýsem, Watanymyzyň öňündäki jogapkärçiligimizi has aýdyň duýmaga ýardam edýär.
Biz bu ynama mynasyp bolmak üçin yhlas bilen okamaly, öwrenmeli, kämilleşmeli we alan bilimlerimizi ýurdumyzyň ösüşine gönükdirmeli.
Biz ýaşlaryň bilimi ertirki günüň ösüşiniň binýadydyr. Onuň berk bolmagy üçin biz ýaşlara okamaga, öwrenmäge ähli şertleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Milli Liderimize alkyşlarymyzy aýdýarys.
Güljeren ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 5-nji ýyl talyby
Soňky täzelikler
30/09/2026
GARAŞSYZLYK EÝÝAMYNYŇ TÜRKMEN EDEBIÝATY