Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
        • “BIR GUŞAK, BIR ÝOL” BAŞLANGYJYNY DURMUŞA GEÇIRMEGIŇ ÇÄKLERINDE HARBIN TEHNOLOGIÝALAR INSTITUTYNDA GEÇIRILEN HALKARA YLMY MASLAHATY
      • Ilçileriň leksiýalary
        • IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYK HAS-DA BERKIDILÝÄR
      • Halkara günler
        • MAÝYPLYGY BOLAN ADAMLARYŇ HALKARA GÜNI
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
        • ÝAŞ DIPLOMATLAR MEKDEBINIŇ AGZALARY BILEN OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Halypa diplomat bilen açyk sapak geçirildi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / BAGTDAN PAÝLY ÝAŞLAR
    BAGTDAN PAÝLY ÝAŞLAR surady
    18/11/2025

    706

    BAGTDAN PAÝLY ÝAŞLAR

    2025-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda taryhy ähmiýetli waka, ýagny Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilmeginiň 34 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň iň işjeň we zehinli ýaşlaryna Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyny gowşurmak dabarasy geçirildi. Bu dabaraly çäre döwletimiziň ýaş nesle goýýan uly sarpasynyň, olaryň döredijilik başlangyçlaryny we zähmet üstünliklerini ykrar etmeginiň aýdyň beýany boldy. Bu günki baýramçylyk, hormatly Prezidentimiziň ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň netijeli durmuşa geçirilýändigini, eziz Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň iň ýokary ynam bilen höweslendirilýändigini ýene bir gezek äşgär etdi. Hormatly Prezidentimiz özüniň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitabynda: “Men “Watan” we “halk” diýen mukaddes sözleriň ýurdumyzyň ýaşlarynyň durmuş şygaryna öwrüljekdigine, olaryň ata-ene we il-ýurt öňündäki mukaddes borjuny berjaý edip, mynasyp adamlar bolup ýetişjekdiklerine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda jan aýaman zähmet çekjekdiklerine pugta ynanýaryn” diýip, ýaş nesle uly ynam bildirýär.

    2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp bolanlaryň sanynyň jemi 141 adama ýetendigi hem ýokarda aýdylanlary doly tassyklaýar. Olaryň hatarynda ýokary okuw mekdepleriniň ýaş mugallymlary, öňdebaryjy talyp ýaşlary, mekdep okuwçylary, döredijilik toparlarynyň agzalary, žurnalistler, şeýle-de dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýaş hünärmenleri bar. Hususanam, baýrak gowşurylyş dabarasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň zehinli we öňdebaryjy talyplarynyň bäşisiniň bu abraýly baýraga mynasyp bolandygy aýratyn buýsanç döredýär. Olar Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Baýlyýew Hojamyrat we şol fakultetiň 3-nji ýyl talyplary Geldimämmedow Taňryguly, Şyhyýew Şyhdurdy, şeýle-de Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyplary Döwletowa Aýşirin, Hudaýbergenowa Aýnur dagylardyr. Halkara gatnaşyklary ulgamynyň geljekki hünärmenleri bolan bu talyplaryň gazanan üstünligi, ýurdumyzyň daşary syýasatynyň pugtalandyrylmagyna we Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki ornunyň has-da berkidilmegine saldamly goşant goşjak täze nesliň kemala gelýändigini tassyklaýar.

    Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ýaşlaryň ylmy-döredijilik, medeni-köpçülik, sport we zähmet başlangyçlaryny goldamagy, olaryň arasynda döredijilik bäsleşiklerini yzygiderli geçirip durmagy, halallyk we maşgala gymmatlyklaryna ygrarlylyk häsiýetlerini terbiýelemegi baş maksat edinýär. Baýrak eýelerine dabaraly ýagdaýda hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitaby, şahadatnamalar, gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

    Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlar baradaky aladalary, döwlet derejesinde döredilen ähli mümkinçilikler, ýaşlaryň Watana, halka, maşgala gymmatlyklaryna bolan ygrarlylygyny berkidip, olary täze zähmet we döredijilik üstünliklerine ruhlandyrýar.

    Şeýle çäreleriň yzygiderli geçirilmegi ýaşlaryň Watana bolan söýgüsini we buýsanjyny has-da artdyryp, olaryň uly maksatlara ymtylmagyna itergi berýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilmeginiň 34 ýyllygy mynasybetli geçirilen bu dabaraly çäre, ýaş nesliň mähriban Watanymyzyň mynasyp geljegi bolup durýandygyny ýene bir gezek aýdyň görkezdi.


    Muhammet SÜLEÝMANOW,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy,

    Institutyň Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.

    Soňky täzelikler

    INTERNATIONAL VOLUNTEER DAY surady

    03/12/2025

    INTERNATIONAL VOLUNTEER DAY
    Ýokary hünär taýýarlygy tejribeden başlanýar surady

    02/12/2025

    Ýokary hünär taýýarlygy tejribeden başlanýar
    Türkmenistan bilen BMG-¬niň strategik hyzmatdaşlygy surady

    29/11/2025

    Türkmenistan bilen BMG-¬niň strategik hyzmatdaşlygy
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI