25/03/2025
490
Aýdym-sazly konsert geçirildi
2025-nji ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynda, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan
«Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi
mynasybetli Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň
simfoniki orkestri bilen bilelikde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň çeper höwesjeňler toparynyň ýerine
ýetirmeginde 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip
yglan edilmegi bilen baglanyşykly aýdym-sazly konsert konserti geçirildi.
Bu konserte Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary
institutynyň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Konsertde Ata
Watanymyzy, hemişelik Bitaraplygymyzy wasp edýän aýdym-sazlar ýaňlandy.
Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30
ýyllyk baýramy uludan belleniler. Bu özboluşly dabarada ýaňlanan aýdym-sazlar
joşgunly talyp ýaşlaryň göwünlerini galkyndyrdy.
Resul TOÝGULYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň
II ýyl talyby.
Soňky täzelikler

21/05/2025
OKUW SAPAGY GEÇIRILDI