24/09/2026
82
AGZYBIRLIK WE JEBISLIK - ÖSÜŞLERIŇ YGTYBARLY ÝOLY
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri dowamat dowambolýan 2026-njy ýylda halkymyz röwşen geljege, belent maksatlara tarapynamly gadamurýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly atmyradyň mekany» ýyly halkymyzyň möhüm zähmet ýeňişleri, ýurdumyzyň ägirt uly gazananlary bilen şöhratlanýar. Munuň özi oýlanyşykly, parasatly hemde agzybirlik bilen amala aşyrylýan ösüş strategiýasynyň oňyn netijesidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe buýsandyryjy zähmet üstünlikleri, ösüşleri döwletimiziň dünýä derejesinde eýeleýän abraýly ornuny pugtalandyr makda uly öňe gidişlikleri gazanmagyna giň ýol açýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gysga döwrüň içinde ähli pudaklarda uly üstünlikleri gazandy. Eziz Diýarymyz bilimiň, ylmyň hakyky ojagyna, oba hojalygynyň pajarlap ösýän, bolelin, rahat we abadan durmuşyň gülleýän mekanyna öwrüldi. Jemgyýetimiziň ähli gatlaklarynyň yhlas bilen, jan aýaman zähmet çekmegi netijesinde, Türkmenistan ykdysady we medeni taýdan uly depginler bilen ösýär, gözümiziň alnynda täze, ajaýyp keş begirip özgerýär. Hormatly Prezidentimiziň tutanýerli we yzygiderli durmuşa geçirýän paýhasly başlangyçlary, halk bähbitli işleri ýurdumyzyň halkara ykrar edilmegini gazanan içeri we daşary syýasatynyň dürsdügini aýdyň tassyklaýar. Biziň gazanan üstünliklerimiziň we ýeten beýik sepgitlerimiziň mähriban halkymyzyň ata Watanymyzda alnyp barylýan syýasaty giňden goldamagynyň netijesinde mümkin bolandygyny hormatly Prezidentimiz ýygy ýygydan belleýär. Ýurdumyzy mundan beýläk ösdürmegiň, halkyň döredijilik işjeňligini ýokarlandyrmagyň esasy faktory halkymyzyň ruhubelentligi hem-de jebisligidir. Bu jebislik içerki durnuklylygy, umumy milli ylalaşyklylygy, kanunçylygy we düzgün nyzamy, iňňän ýokary hem-de oňaýly jemgyýetçilik syýasy ýagdaýy üpjün edýär. Eziz Diýarymyzyň yzygiderli ösmeginiň esasy şertiniň agzybirlik hem-de asudalykdygyny hemişe nygtaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyz taryhyň sapaklarynyň görkezişiýaly, nirede asudalyk bolsa, raýat jemgyýeti öz hukuklaryna dogry düşünip, şol bir wagtda döwlet tarapyndan kabul edilen kada kanunlara hormat goýsa we eýerse, öz ýaşaýan ýurdunyň abadan bolmagy üçin halal zähmet çekse, şol döwletiň işiniň mydama rowaç bolýandygyny, Türkmenistanyň şu ýörelgelere doly eýerýän döwletdigini paýhasly belleýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz azyk ulgamyny ösdürmek, ilatyň köp görnüşli we ýokary hilli azyk önümlerine bolan islegini kana gatlandyrmak meselelerini hemişe üns merkezinde saklaýar. Azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda yzygiderli durmu şa geçirilýän ykdysady syýasatyň möhüm ugrudyr. Oba hojalygynda toplumlaýyn özgertmeleriň amala aşyrylmagy, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi, ykdysadyýetiň hususy pudagynyň, kiçi we orta telekeçiligiň hemme taraplaýyn goldanylmagy netijesinde bu ulgamda düýpli üstünlikler gazanyldy. Halkymyzyň mizemez agzybirligi, olaryň birek birege ynamy we goldawy dolandyryş edaralarynyň netijeli işlemeginiň, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň durmuşynyň hil taýdan täzelenmeginiň kepili bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň hemişe halka geňeşip, halkyň bähbidini göz öňünde tutup, paýhasly öňe sürýän başlangyçlary ýurdumyzy durnukly ösüşiň belent sepgitlerine ýetirýär. Hormatly Prezidentimiz welaýatlara iş saparyny amala aşyranda ýerlerde diňe bir umumy milli, pudaklaýyn we sebitleýin maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi bilen tanyş bolmak bilen bilelikde hökman oba hojalyk işgärleri, kärendeçiler, daýhanlar, ýaşululardyr ýaşlar we beýleki raýatlar bilen söhbetdeşlikleri geçirýär. Özara ynanyş mak ruhunda geçirilýän söhbetdeşlikler adamlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrýar. Olary ruhlandyrýar hem-de galkyndyrýar, olarda ynam we işjeňlik döredýär.
Muhammet BÄŞIMOW,
Türkmenistanyň Daşary işler
ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary
institutynyň mugallymy.