11/09/2026
300
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ NOBATDAKY MEJLISINE GÖRÜLÝÄN TAÝÝARLYK
Milli Liderimiz ýurdumyzyň Garaşsyzlyk toýunyň öňüsyrasynda bellenilýän günlerinde, ýagny 2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljekdigini, onda Garaşsyz döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň, ýerine ýetirilen işleriň jeminiň jemlenjekdigini nygtady.
Halk Maslahatynyň işi demokratiýa, aç-açanlyk, adalat, kanunyň hökmürowanlygy, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulmagy, adamyň, şeýle hem, raýatyň kanunyň öňünde deňligi, adam hukuklaryna we azatlyklaryna hormat goýmak, degişli kararlary kabul etmek we jemgyýetçilik pikirini göz öňünde tutmak esasynda alnyp barylýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň ählisi döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ýokary derejede ösdürmegiň, bu işleri netijeli dolandyrmagyň, kanunçylyk-hukuk üpjünçiliginiň, häkimiýet edaralarynyň guramaçylyk esaslarynyň täze, kämil gurallaryny kemala getirmäge gönükdirilendir. Her ýyl Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmek bilen, döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň, ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlenýär. Mejlisde «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny esasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek, mejlisiň geçiriljek senesini kesgitlemek, guramaçylyk toparynyň düzümini tassyklamak hakynda degişli resminamalar kabul edilýär. Şeýle hem il içinde uly abraýdan peýdalanýan, öz halal zähmeti bilen ýokary zähmet üstünliklerini gazanan watandaşlarymyzy döwlet sylaglaryna hödürlemek, hormatly atlary dakmak boýunça işleriň alnyp barlyşyna seredilýär.
Halk häkimiýetiniň ýokary guramasynyň gün tertibi döwletiň ykdysady taýdan öz-özüni üpjün etmegini has-da berkitmäge gönükdirilen strategik wezipeleriň giň gerimini öz içine alýar. Mejlisleriň barşynda oba-hojalyk toplumyny döwrebaplaşdyrmaga, täze suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga, oba-hojalyk tehnikalarynyň parkyny täzelemäge we obalarda hususy başlangyçlary höweslendirmäge aýratyn üns berilýär. Agrar syýasat bilen bir hatarda gatnaşyjylar senagat diwersifikasiýasy, ulag-logistika mümkinçiliklerini, şeýle hem ylym, bilim we saglygy goraýyş ulgamlaryny ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar.
Maslahatyň netijeleri boýunça kabul edilen çözgütler we maksatnamalaýyn resminamalar ýurduň mundan beýläk-de ösüşiniň ugruny kesgitlemäge we amala aşyrylýan özgertmeleriň baş maksadyna – raýatlaryň ýaşaýyş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga, parahatçylygy berkitmäge we Türkmenistanyň durnukly ösüşini üpjün etmäge hyzmat etmelidir. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görülýän döwürde bu ählihalk forumyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti barada wagyz-nesihat işlerine gatnaşmak, onuň netijeli we üstünlikli geçmegine goşant goşmak her raýatyň Watan öňündäki mynasyp borjudyr.
Bike ANNAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby