21/10/2026
67
TÜRKMENISTAN — AZERBAÝJAN: DOSTLUKLY GATNAŞYKLARYŇ TÄZE TAPGYRY
Häzirki zaman türkmen diplomatiýasy ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini doly amala aşyrmaga, taryhy taýdan emele gelen dostluk we doganlyk däplerine esaslanýan döwletara gatnaşyklary döwrebap derejede täze sepgitlere ýetirmäge gönükdirilendir. Şundan ugur alyp, Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky özara bähbitli, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak esasynda guralýan köpýyllyk hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigini aýratyn bellemek bolar.
Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň halklaryny umumy taryhy hem-de köpasyrlyk doganlyk gatnaşyklary birleşdirýär. Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 9-njy iýunynda ýola goýuldy. Gatnaşyklaryň geçen taryhy döwrüniň içinde ýurtlarymyzyň arasynda döwletara gatnaşyklaryň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça hyzmatdaşlykda oňyn tejribe gazanyldy. 2008-nji ýylyň 19-20-nji maýynda Gahryman Arkadagymyz Azerbaýjan Respublikasyna ilkinji saparyny amala aşyrdy. Bu sapar iki dostlukly döwleti birleşdirýän gatnaşyklaryň dürli ugurlar boýunça ösdürilmegine gönükdirilen ylalaşyklaryň baglaşylmagyna itergi berdi.
Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet ýolbaşçysy 2008-nji ýylyň 28-29-njy noýabrynda ýurdumyza iş saparyny amala aşyrdy. Iki döwletiň ýolbaşçylarynyň gepleşikleriniň barşynda energetika, ulag, ykdysadyýet we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek babatynda möhüm ylalaşyklar gazanyldy. Bu bolsa döwletleriň umumy ösüş ugrunda doly möçberli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna we mundan beýläk-de ösdürilmegine özara ygrarlydygyny görkezdi.
Soňky ýyllarda has takygy, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 21-24-nji iýunynda hormatly Prezidentimiziň Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran döwlet sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň depginli ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýe boldy. Ikitaraplaýyn we giňişleýin çäkde geçen gepleşikleriň barşynda döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugurlary boýunça resminamalar baglaşyldy. Munuň özi bolsa däp bolan dostluga esaslanýan ikitaraplaýyn döwletara gatnaşyklaryň hukuk binýadynyň ösýändigini aýdyňlygy bilen görkezýär. Saparyň barşynda ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet bermek bilen, medeniýet, ylym, maglumat, syýahatçylyk we sport ulgamlarynda gatnaşyklaryň geriminiň giňemegi döwletleriň dostluga ýugrulan gatnaşyklarynyň täze derejä çykýanlygyndan habar berýär.
Resmi maglumatlara görä, iki ýurduň arasynda häzirki wagtda 124 sany döwletara, hökümetara we pudagara resminama hereket edýär. Şeýle giň hukuk binýady hyzmatdaşlygyň ulgamlaýyn we kadalaşdyrylan gurluş hökmünde ösdürilýändigini görkezýär. Şeýle hem ýokary derejede 17 sany döwlet we iş saparynyň amala aşyrylmagy döwletara gatnaşyklaryň dowamlylygyny we yzygiderliligini görkezýän möhüm görkezijidir. Bu ýagdaý ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň durnukly dialoga daýanýandygyny tassyklaýar.
2026-njy ýylyň 15-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň nobatdaky sammitine gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasynda iş saparynda boldy. Sammitde Arkadagly Serdarymyz Türkmenistanyň Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň alyp barýan işine uly ähmiýet berýändigini tassyklap, Azerbaýjanyň bu guramadaky başlyklygynyň netijelerine ýokary baha berdi hem-de halkara durnuklylygy üpjün etmek üçin hukuk binýadyny pugtalandyrmagyň, öňüni alyş diplomatiýasyny we sanlylaşdyrmany giňeltmegiň, söwda-ykdysady hem-de ulag-logistika geçelgelerini diwersifikasiýalaşdyryp, ministrler derejesindäki dialogy ösdürmegiň, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň we parahatçylykly dialog medeniýetini dikeltmekde ýaşlar diplomatiýasyny işjeňleşdirmegiň möhüm şert bolup durýandygyny nygtady.
Mundan başga-da, Döwlet Baştutanymyz çykyşynda sanlylaşdyrmak, emeli aň we öňdebaryjy tehnologiýalaryň ykdysadyýeti ösdürmekde hem-de diplomatiýany kämilleşdirmekde uly mümkinçilikleri açýandygyny nygtap, olaryň halkara hukuk we özara ynanyşmak babatynda jogapkärçilikli ulanylmagyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarda we diplomatiýada emeli aňy parahatçylykly ulanmak boýunça Halkara kodeksi işläp taýýarlamak başlangyjy bilen çykyş edýändigini belledi. Şeýle-de guramanyň çäklerinde milli tejribäni paýlaşmak we amaly maslahatlary işläp taýýarlamak üçin ulag meseleleri boýunça ministrler derejesindäki gepleşikleri ösdürmegi teklip etmek bilen, BMG-niň 2026 – 2035-nji ýyllar üçin Durnukly ulagyň onýyllygy hakyndaky Kararnamasynyň alnan ugry boýunça yklymara ulag ugurlaryny döretmek, Ählumumy atlasy işläp taýýarlamak hem-de Gündogar – Günbatar we Demirgazyk – Günorta ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerini netijeli ulanyp, logistikany we söwdany ýeňilleşdirmek ugrunda Türkmenistanyň yzygiderli çykyş edýändigini belledi.
Iki doganlyk halkyň öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan ýakyn arabaglanyşygy bu gün hem Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň netijeli gatnaşyklarynyň ähmiýetli şerti hökmünde ýüze çykýar.
Taňryguly GELDIMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby