26/05/2025
220
TÜRKMEN-HYTAÝ GATNAŞYKLARY: YLYM BILEN DOSTLUGYŇ KÖPRÜSI
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň bilim ulgamy halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde täze sepgitlere çykýar. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň 21-24-nji maýynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň wekillerinden düzülen toparyň Hytaý Halk Respublikasynyň Şensi welaýatynyň Sian şäherine amala aşyran sapary hem şeýle mümkinçilikleriň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Bu sapar “Ýüpek ýolunyň ugrunda senagat, bilim, gözleg we amaly hyzmatdaşlyk – 2025” atly halkara maslahat bilen utgaşyp, hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryna giň mümkinçilik açdy. Saparyň ilkinji günlerinde türkmen wekiliýeti dürli medeni çärelere işjeň gatnaşyp, özara medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda möhüm başlangyçlar öňe sürüldi .
Maslahatyň çäklerinde Hytaý Halk Respublikasynyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri bilen geçirilen duşuşyklar hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de täze ugurlarda ösdüriljekdiginiň beýanyna öwrüldi. Onda iki ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde bilim ulgamynda alnyp barylýan işler, ýaş nesliň kämil bilim almagy üçin döredilýän mümkinçilikler, geljekki bilelikdäki ylmy-barlag taslamalar dogrusynda özara pikir alyşmalar boldy.
Halkara maslahatda çykyş eden türkmen wekiliýetiniň agzalary ýurdumyzyň parahatçylyk, dostluk we ösüş ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň çäginde alnyp barylýan giň möçberli işler dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de çykyşlarda türkmen ýaşlarynyň häzirki wagtda Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde dürli hünärler boýunça bilim alýandyklary aýratyn nygtaldy.
Maslahatyň çäklerinde “Northwest” uniwersitetiniň Beýik ýüpek ýoluny öwreniş institutynyň Merkezi Aziýany öwreniş merkeziniň düzüminde “Türkmenistanyň ylmy-barlag merkeziniň” açylmagy hem möhüm waka öwrüldi. Bu merkez geljekde ylym ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, iki ýurduň alymlarynyň arasynda tejribe alyşmakda täze mümkinçilikleri döreder.
Ýokarda agzalan maslahatyň çäklerinde geçirilen ikitaraplaýyn türkmen-hytaý gepleşikleriniň, tejribeleriň we teklipleriň bu saparyň netijeli bölegi bolmak bilen, hyzmatdaşlygy mundan-da beýläk pugtalandyrmaga ýardam etjekdigi ikuçsuzdyr.
Saparyň dowamynda geçirilen duşuşyklar, pikir alyşmalar, ylmy maslahatlar – bularyň ählisi dostlukly ýurtlaryň arasynda ylym-bilim hyzmatdaşlygynyň barha giňelýändiginiň we berkeýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Şeýle çärelere gatnaşmak ýurdumyzyň bilim ulgamynyň halkara giňişlikde eýeleýän ornunyň barha ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýär.
Bu halkara derejeli çäre diňe bir bilim gatnaşyklary bilen çäklenmän, eýsem, ruhy-medeni hyzmatdaşlygyň hem dabaralanmagyna aýdyň ýol açdy. Türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşyklarda birek-biregiň tejribesine hormat goýmak, özara ynamy pugtalandyrmak, ylmy hyzmatdaşlygyň çägini giňeltmek ýaly meseleler aýratyn bellenilip geçildi. Munuň özi halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da berkidýän möhüm ugurlaryň biridir.
Türkmen wekiliýetiniň Hytaý Halk Respublikasynda alyp baran işi hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyna berýän üns-aladasynyň, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatyndaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine ýene bir gezek şaýatlyk etdi. Şeýle möhüm saparlaryň dowamly bolmagy türkmen halkynyň döredijilikli ösüş ýolunda öňe barýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle halkara forumlara gatnaşmak ýurdumyzyň bilim işgärleriniň we ýaşlarynyň dünýäniň ösen tejribesi bilen tanyşmagyna, öz garaýyşlaryny giňeltmegine, täze ylmy mümkinçilikleriň we innowasion başlangyçlaryň esasynda beýik ösüşleriň gazanylmagyna güýçli itergi berýär.
Merdan BERDINYÝAZOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň uly mugallymy.
Последние новости

29/05/2025
Укрепление связей через образование и диалог
26/05/2025
Выставка «Белый город Ашхабад»
26/05/2025
Parahatçylygy we dostlugy berkidip