37
Sanly ulgam boýunça hyzmatdaşlyk barha giňeýär
2025-nji ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň gatnaşmaklarynda onlaýn okuw maslahaty geçirildi. Bu maslahat Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Sanly ulgam we maglumat howpsuzlyk bölüminiň guramagynda “Coursera” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler babatynda düşündiriş iş maksatly geçirildi.
Bu maslahata Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleri bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem sanly bilim, sanly ykdysadyýet we kiberhowpsuzlyk ugry boýunça jogapkär mugallymlary we hünärmenleri gatnaşdylar.
Maslahaty şol bölümiň başlygy Rejep Mahmudow alyp baryp, ol Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen “Coursera” kompaniýasynyň arasyndaky alnyp barylýan işjeň hyzmatdaşlyklar barada giňişleýin gürrüň berdi.
Meýlis GYLYŞAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş
kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.