15/07/2026
47
PARAHATÇYLYK MEDENIÝETI: TÜRKMENISTANYŇ WE ÝUNESKO-NYŇ STRATEGIK HYZMATDAŞLYGY
Häzirki zaman halkara gatnaşyklarynda dünýä parahatçylygyny we durnuklylygyny pugtalandyrmak diňe bir syýasy-diplomatik gurallaryň üsti bilen däl, eýsem, medeni-ynsanperwer we bilim ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň üsti bilen hem gazanylýar. Şu nukdaýnazardan, “parahatçylyk medeniýeti” diýen düşünje Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasynyň (ÝUNESKO) işiniň özenini emele getirýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan parahatçylyk medeniýetini öz daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde ykrar edip, ÝUNESKO bilen köpýyllyk we netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar.
“Parahatçylyk medeniýeti” adalgasy ilkinji gezek ÝUNESKO-nyň çäklerinde ylmy taýdan esaslandyrylyp, 1999-njy ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 53/243 belgili Kararnamasy bilen “Parahatçylyk medeniýeti hakynda Jarnama we Hereketleriň Maksatnamasy” kabul edilende resmi taýdan halkara-hukuk derejesine eýe bolýar. Bu resminama parahatçylyk medeniýetini diňe bir uruşlaryň bolmazlygy hökmünde däl-de, eýsem, gymmatlyklaryň, garaýyşlaryň bitewi ulgamy hökmünde kesgitleýär. Şoňa görä, parahatçylyk medeniýeti zorlugy ret etmek we dawalary gepleşikler arkaly çözmek, adam hukuklaryna, demokratik ýörelgelere we kanunylyga hormat goýmak, medeniýetleriň, dinleriň we halklaryň dürlüligini ykrar etmek, durnukly ösüşi we ekologik jogapkärçiligi goldamak hem-de bilim we aragatnaşyk arkaly özara düşünişmegi çuňlaşdyrmak ýaly ýörelgelere esaslanýar. ÝUNESKO-nyň Tertipnamasynda: “Uruşlar adamlaryň aňynda başlanýandygy sebäpli, parahatçylyk hem ilkinji nobatda adamlaryň aňynda gurulmalydyr” diýen ýörelge häzirki güne çenli guramanyň işiniň esasy many-mazmunyny düzýär.
Türkmenistanyň parahatçylyk medeniýetini halkara giňişliginde ilerletmekdäki taryhy orny, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Mälim bolşy ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen 50/80 belgili Kararnamasy bilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy dünýä bileleşigi tarapyndan biragyzdan ykrar edildi. 2015-nji we 2025-nji ýyllarda bolsa “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” baradaky Kararnama halkara jemgyýetçiligi tarapyndan täzeden tassyklanylyp, döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ugrunyň wajyplygy nobatdaky gezek belent ykrarnama eýe boldy. Şeýle hem, 2017-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Karary bilen 12-nji dekabr “Halkara Bitaraplyk güni” diýlip yglan edilmegi, uly diplomatik üstünlik bolmak bilen, sebitde we tutuş dünýäde ynanyşmagy pugtalandyrmagyň, dawalary parahatçylykly serişdeler arkaly çözmegiň kämil nusgasyny döretdi. Şunuň bilen baglylykda, Bitaraplyk syýasaty Türkmenistan üçin diňe bir halkara-hukuk statusy bolman, eýsem, ÝUNESKO-nyň baş maksady bolan parahatçylyk medeniýetini iş ýüzünde amala aşyrmagyň kämil milli görnüşi hökmünde häsiýetlendirilip bilner.
Türkmenistan 1993-nji ýylda ÝUNESKO-nyň agzalygyna kabul edilmegi, munuň özi ýaş, garaşsyz döwletiň halkara giňişligine işjeň goşulyşmagynyň möhüm ädimi boldy. Bu ugurdaky hyzmatdaşlygy yzygiderli utgaşdyrmak maksady bilen, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparyň Sekretariaty döredildi. Häzirki wagtda bu düzüm Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky gatnaşyklary meýilleşdirmek, utgaşdyrmak we onuň ýokary netijeliligini üpjün etmek boýunça yzygiderli işleri alyp barýar.
Şu nukdaýnazardan ugur alnyp, guramanyň parahatçylyk medeniýetini ýaýratmakdaky iň täsirli guraly bolan ylym-bilim ulgamynda hem ägirt uly özgertmeler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň birnäçe öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralary we klublary üstünlikli hereket edýär. Umumybilim berýän orta mekdepleriniň birnäçesi bolsa guramanyň Assosirlenen mekdepler toruna girizilip, ýaş nesilleriň ählumumy ynsanperwerlik, ynsan mertebesi, medeniýetara parahatçylykly dialog hem-de geljegiň durnukly ösüşi baradaky düşünjelerini we gözýetimlerini artdyrmak boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirýärler. Bu bilim-terbiýeçilik işi ýaş nesliň aňynda dürli medeniýetlere, dinlere we milletlere hormat goýmak ýörelgesini kemala getirmäge gönükdirilendir. Şeýle döwrebap şertler uzak möhletli geljekde durnukly parahatçylygy we rowaçlygy üpjün etmegiň ygtybarly kepili hasaplanýar.
Bilim ulgamyndaky bu tagallalar, öz gezeginde, parahatçylyk medeniýetiniň ýene bir möhüm sütüni bolan medeni köpdürlüliligi gorap saklamak ugruna berk utgaşýar. Çünki her bir halkyň özboluşly medeniýetine hormat goýmak özara düşünişmegiň binýadyny emele getirýär. “Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak baradaky” Konwensiýanyň çäklerinde ýurdumyzyň Gadymy Merw, Köneürgenç hem-de Nusaýyň Parfiýa galalary ýaly dünýä ähmiýetli mukaddes taryhy-medeni ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna ebedilik girizildi. Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak ugrunda hem ýurdumyz tarapyndan belent sepgitlere ýetildi. Maddy däl medeni mirasy goramak baradaky konwensiýa goşulan Türkmenistanyň başlangyçlary bilen ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň abraýly sanawyna “Görogly” şadessany, “Küştdepdi” aýdym we tans sungaty, türkmen milli halyçylyk sungaty, dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty, “Türkmen keşdeçilik sungaty”, “Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri”, “Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi”, “Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri”, “Türkmen alabaýyny ösdürip ýetişdirmek sungaty” ýaly milli gymmatlyklarymyz yzygiderli goşuldy. Şeýle hem, “Magtymguly Pyragynyň golýazmalar ýygyndysy” ÝUNESKO-nyň “Dünýä hakydasy” atly halkara sanawyna girizildi hem-de beýik akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO-nyň gatnaşmagynda bellenilip geçilýän ýubileý senelariň sanawyna goşuldy. Mundan başga-da, Merkezi Aziýanyň merjen şäheri Aşgabat “Dizaýn” ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň bütindünýä toruna we Öwreniji şäherleriň bütindünýä toruna girizildi.
Taryhy-medeni baýlyklarymyzy dünýä aýan etmek bilen bir hatarda, Türkmenistanyň täsin tebigy ekoulgamlaryny goramak ugrunda hem taryhy adimler ädildi. Köpýyllyk ylmy taýýarlyk işleriniň netijesinde, 2023-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras komitetiniň 45-nji giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň goňşy döwletler bilen bilelikde hödürlän “Aram guşaklygyndaky Turan çölleri” atly transmilli hödürnamasynyň düzüm bölegi hökmünde ýurdumyzyň “Bereketli Garagum”, “Gaplaňgyr” döwlet tebigy goraghanalary, Repetek döwlet biosfera goraghanasy we onuň garamagyndaky Ýerajy döwlet tebigy çäkli goraghanasynyň täsin çöl ekoulgamlary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşuldy. Şol bir mejlisde “Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan – Garagum geçelgesi” atly transmilli hödürnamanyň hem doly makullanmagy ýurdumyzyň halkara giňişligindäki belent ynsanperwer diplomatiýasynyň nobatdaky dabaralanmasyna öwrüldi. Häzirki wagtda türkmen hünärmenleri tarapyndan Köýtendagyň dag ekologik ulgamyny hem-de onuň täsin gowaklaryny, şeýle-de Balkan welaýatyndaky palçyk wulkanlary sebitini Bütindünýä tebigy mirasynyň sanawyna goşmak boýunça ylmy-gözleg we taýýarlyk işleri işjeň alnyp barylýar.
Tebigy ekoulgamlary goramak baradaky bu çäreler bilen bir hatarda, durnukly ösüş we ekologiýa howpsuzlyk meseleleri hem ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan ÝUNESKO-nyň “Adam we biosfera” maksatnamasynyň çäklerinde Hazar deniziniň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek hem-de biodürlüligi aýawly saklamak boýunça halkara tagallalara saldamly goşant goşýar. Sebit derejesindäki ekologiýa meseleleriň, hususan-da, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak ýaly möhüm wezipeleriň parahatçylykly we netijeli çözülmegi diňe bir daşky gurşawy goramak bilen çäklenmän, eýsem, sebit döwletleriniň arasynda ynanyşmagy we dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga hyzmat edýär. Ýaşlar syýasaty we sport diplomatiýasy hem parahatçylyk medeniýetini halkara giňişliginde ilerletmegiň has netijeli serişdeleri hökmünde öňe çykýar. Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Hökümetara Bedenterbiýe we Sport boýunça komitetiniň (CIGEPS) agzasy bolmak bilen, sportuň halklary ýakynlaşdyrmakdaky, ýaş nesilleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini hem-de özara hormat-sylagy dabaralandyrmakdaky ornuna uly üns berýär.
Ýaşlar diplomatiýasynyň geriminiň giňemegi – geljekki nesilleriň halkara gatnaşyklar, medeniýetara dialog we parahatçylykly hyzmatdaşlyk baradaky gözýetimleriniň has-da artmagyna ýol açýar. Sebäbi, hut, şu geljegi uly ýaşlar dünýäde parahatçylyk medeniýetiniň dowamatyny üpjün etjek esasy güýç hasaplanýar.
Umuman, Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky gatnaşyklar diňe bir resmi diplomatiýa bilen çäklenmeýär. Bu hyzmatdaşlyk bilim, ylym, medeniýet, ekologiýa we ýaşlar syýasaty ýaly iň wajyp ugurlary öz içine alýan giň gerimli, strategik häsiýete eýedir. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk syýasaty bolsa bu gatnaşyklaryň ygtybarly milli binýadyny düzýär. Sebäbi ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli Bitaraplyk ýörelgeleri halkara meseleleri diňe gepleşikler we syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözmäge, ähli döwletler bilen deňhukukly gatnaşyklary gurmaga hem-de sebitde özara ynanyşmagy berkitmäge esaslanyp, ÝUNESKO-nyň belent ynsanperwer maksatlary bilen doly sazlaşýar. Şundan ugur alanyňda, Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy tutuş sebit we dünýä derejesinde parahatçylyk medeniýetini dabaralandyrmaga saldamly goşandydyr.
Söýli ÝAZBERDIÝEWA,
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynda önümçilik tejribeligini geçen
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby