02/11/2026
62
Nazary bilimleri çuňlaşdyryp
Hünär tejribeligi kämilligiň esasy ölçegleriniň biri hasaplanylýar. Şoňa görä-de, häzirki wagtda ýurdumyzda ýaş nesilleriň ýokary hünär bilimli, kämil hünärmenler bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şu günlerde biz — Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary önümçilik tejribeligini üstünlikli dowam etdirýäris.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2013-nji ýyldan bäri institutymyzyň 5-nji ýyl talyplary döwletimiziň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda hem-de konsullyk edaralarynda 12 hepdelik önümçilik tejribeligini geçýärler. Meniň hem Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky (Astana ş.) ilçihanasynda önümçilik tejribeligini geçmegim talyplyk durmuşymda ýatdan çykmajak wakalaryň biri boldy. Tejribelik döwründe nazary bilimlerimizi çuňlaşdyrýarys, amaly endiklerimizi kämilleşdirýäris, diplomatik işiň käbir inçe tilsimlerini ele alýarys. Şeýle hem institutymyzyň «Ýaş diplomatyň sesi» elektron gazetinde, resmi internet saýtlarynda türkmen-gazak gatnaşyklarynyň ýokary derejesini, önümçilik tejribeligimiziň ähmiýetini şöhlelendirýän makalalar bilen çykyş edýäris.
Ýakynda bolsa Astana şäherinde ýerleşýän L.N.Gumilýew adyndaky Ýewraziýa milli uniwersitetine ylmy-tanyşlyk saparyny amala aşyrdyk. Saparyň dowamynda bu ýokary okuw mekdebiniň taryhy, ylmy we medeni mirasy, şeýle-de halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alyp barýan işleri bilen tanyşdyk. Saparyň dowamynda uniwersitetiň muzeý ekspozisiýasy bilen hem tanyşdyk. Muzeýde taryhy döwürleriň durmuşyny, däp-dessurlaryny we medeni aýratynlyklaryny şöhlelendirýän dürli eksponatlar görkezilýär. Olaryň arasynda gadymy ýaraglar, sowutlar, galkanlar, taryhy eşikler we beýleki maddy medeniýet nusgalary bar. Şeýle hem türki ýazuwynyň taryhyna, gazak elipbiýiniň ösüşine we ýazuw özgertmelerine degişli maglumatlar ünsümizi çekdi. Bu eksponatlar türki halklaryň baý medeni mirasyny öwrenmekde we milli özboluşlylygyň nesilden-nesle geçirilmeginde ýazuwyň möhüm ornuny görkezýär. Şeýle ylmy-tanyşlyk sapary biziň hünär bilimlerimizi giňeltmekde, taryhy we medeni mirasyň hukuk gatnaşyklarynyň ösüşindäki ornuna has çuňňur düşünmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Tejribe hemme ýerde, hemme işde gerek, aýratyn-da, diplomatik ulgamda bu has möhüm. Ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, saýlan hünärleri boýunça kämilleşmegi we halkara tejribesini öwrenmegi üçin döredilýän mümkinçilikler döwletimiziň ýaş nesle berýän ünsüniň aýdyň beýanydyr. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp, geljekde ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşmak, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek we hukuk ulgamynda ýokary hünärli işgärler bolup ýetişmek biziň esasy maksatlarymyzyň biridir.
Ýurdumyzda ýaşlara döredilýän giň mümkinçilikler üçin Milli Liderimize we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, döwlet we halkara ähmiýetli işleri hemişe rowaç bolsun!
Güneş ÝAGMYROW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Çeşme: «Biznes reklama» gazeti, 02.11.2026ý. // https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/50/articles/255368
Последние новости
29/10/2026
ÝURDUMYZYŇ MEDENI DIPLOMATIÝASY
23/10/2026
НОВЫЕ ГОРИЗОНТЫ АЗИАТСКОГО ПАРТНЁРСТВА