39
Medeniýet- halkyň ruhy baýlygy
Sebitiň we dünýäniň ýurtlary bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek, köptaraply gatnaşyklary giňeltmek, Türkmenistanyň halkara abraýyny pugtalandyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň döwlet strategiýasynda medeni diplomatiýanyň mümkinçilikleri netijeli peýdalanylýar. Türkmenistanyň medeniýet ulgamyny ösdürmek, türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklaryna esaslanýan döwlet taglymatyny kemala getirmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan köptaraply syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Halkymyzyň özboluşly medeni mirasy bu aýawly saklanylyp, nesilden-nesle geçirilip gelinýän gaýtalanmajak maddy we ruhy gymmatlyklaryň bitewi ulgamydyr. Şonuň üçin-de döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleri, şol sanda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmäge aýratyn ähmiýet berýär. Türkmenistan 1993-nji ýyldan bäri bu guramanyň doly hukukly agzasydyr. Türkmen hünärmenleriniň we daşary ýurtly bilermenleriň gatnaşmagynda bilelikde öwrenilen “Gadymy Merw”, “Köneürgenç”, “Nusaý” ýaly ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän täsin taryhy-medeni ýadygärlikleriň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi hem munuň şeýledigine şaýatlyk edýär.
Ýurdumyzda medeniýet ulgamyna bagyşlanylyp her ýylda bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp Medeniýet hepdeligi giň gerime eýe bolýar. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary astynda geçýän, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna beslenýän şanly ýylda Medeniýet hepdeligi täsirli wakalary bilen oňa gatnaşyjylar we ähli watandaşlarymyz üçin ýatda galyjy baýramçylyga öwrüldi.
Bu giň gerimli döredijilik çäresi Gahryman Arkadagymyzyň başlyngyjy esasynda 2013-nji ýyldan bäri Diýarymyzyň dürli sebitlerinde geçirilip, milli medeniýetiň köpöwüşginliligini aýdyň açyp görkezýär. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ilkinji gezek guralan Medeniýet hepdeliginiň häzirki döwürde ýurdumyzyň welaýatlarynda yzygiderli esasda geçirilýändigi bellärliklidir.
Hepdeligiň çäklerinde milli ruha beslenen çäreler geçirilip, olar Türkmenistanyň ýeten belent sepgitleriniň, halkyň ruhubelentliginiň, abadan durmuşynyň çeper beýanyna öwrülýär. Her ýyl geçirilýän bu medeni forumda Watanymyzyň ösüşleri, opera, aýdym-saz, kino we teatr, şekillendiriş, amaly-haşam sungaty, edebiýat ýaly ugurlarda belentden wasp edilýär.
Medeniýet hepdeliginiň çäginde geçirilýän çäreler diňe bir milli medeniýetimiziň dürli ugurlaryny çäklenmän, eýsem milli mirasymyzy düýpli öwrenmek, dünýäde wagyz etmek we geljek nesillere ýetirmek maksady bilen, onuň ägirt uly mümkinçiliklerini açmak üçin möhüm ugurlary kesgitlemäge hem ýardam berer.
Ogulnar GARRYGULOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.