04/08/2026
127
Halkara hukugyň kadalaryna eýerip
«2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli döwlet edaralarynda maslahatlardyr çäreler badalga aldy. Olarda türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleriniň mynasyp alnyp barylýandygy barada çykyşlar edilip, geljekde hem bu işleri dowam etdirmegiň zerurdygy bellenilýär.
Düýn Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda hödürlenen «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli maslahat geçirildi. Oňa daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän hünärmenler, türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň professor-mugallymlarydyr talyplary hem-de žurnalistler gatnaşdylar. Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynda 2028-nji ýyly «Halkara hukuk ýyly» diýip yglan etmegi teklip edipdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň adyndan beýan eden bu möhüm teklibi biragyzdan goldanylyp, golaýda BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasyndan hoş habar gelip gowuşdy. Resminama şu ýylyň 24-nji iýulynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde kabul edildi. Bu möhüm resminamany dünýäniň 78 döwleti goldady. Munuň özi ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasat ugrunyň, öňe sürýän başlangyçlarynyň giň goldawa eýe bolýandygyna şaýatlyk edýär.
Kararnamanyň düzgünlerini ýerine ýetirmek, ýurdumyzyň halkara hukugy çygryndaky başlangyçlaryny açyp görkezmek bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň garamagyna birnäçe teklipler hödürlenildi. Olaryň hatarynda 2028-nji ýylda Halkara hukuk ýylyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek, 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň taslamasyny taýýarlamak göz öňünde tutuldy. Şeýle-de meýilnamany işläp taýýarlamak, onuň çärelerini utgaşdyrmak we ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrmak üçin ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de ylmy edaralarynyň wekillerinden ybarat bolan pudagara iş toparyny döretmegiň maksadalaýyk boljakdygy bellenilýär.
— Ýurdumyzyň diplomatik üstünligi bilen eziz halkymyzy, halkaraçy hünärmenleri, kärdeşlerimizi, Gahryman Arkadagymyzy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzy tüýs ýürekden gutlaýaryn. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyz tarapyndan hödürlenen ýene-de bir täze başlangyç dünýä derejesinde giňden goldaw tapdy. Ýurdumyzyň halkara giňişlikde alyp barýan işlerine ser salanymyzda, syýasy-diplomatik, medeni-ynsanperwer, söwda-ykdysady başlangyçlaryň sanynyň artýandygyny, halklary ýakynlaşdyrmaga gönükdirilen işleriň geriminiň giňeýändigini görmek bolýar. Bu bolsa ösüp gelýän ýaş nesle dünýä derejesinde ykrar edilen ka- nunlary, halkara hukugyň kadalaryny öwretmäge, olaryň hukuk düşünjelerini artdyrmaga kömek edýär — diýip, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň ylmy işler boýunça prorektory Nurmuhammet Şyhlyýew maslahatda eden çykyşynda belledi.
Ýaş hukukçylary taýýarlamakda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyna möhüm orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda döredilen bu ýokary diplomatik mekdepde halkara hukugy fakulteti hereket edip, onda geljekki hukukçylar taýýarlanylýar. Şeýle hem bu ýerde «Halkara hukuk» atly Aşgabat halkara platformasyny döretmek teklip edildi. Munuň özi halkara hukugy öwren- mek, halkara bilermenler bilen yzygiderli pikir alyşmak üçin hemişelik hereket edýän ylmy-diplomatik meýdança bolar.
* * *
Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Mejlisiniň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly: parahatçylygyň we agzybirligiň dabaralanmagy» atly maslahat geçirildi. Onda ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň berkidilmegine gönükdirilen başlangyçlaryny giňden wagyz etmek bilen baglanyşykly meseleleriň ähmiýeti maslahatlaşyldy. Çärede çykyşlara giň orun berildi. Nygtalyşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň öňe süren bu başlangyjy häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelmek bilen, halkara gatnaşyklarda kanunylygyň, adalatlylygyň we hukugyň ähmiýetiniň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen tagallalaryň giň goldawa eýe bolýandygyny aýdyň görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, çykyş edenler hormatly Prezidentimizi we Gahryman Arkadagymyzy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2028-nji ýyly «Halkara hukuk ýyly» diýip yglan etmek baradaky Kararnamany kabul etmegi bilen gutladylar. Şunda degişli resminamadan gelip çykýan düzgünleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek, şeýle hem
Türkmenistanyň bu ugurdaky halkara başlangyjynyň mazmunyny giňden açyp görkezmek maksady bilen, ýörite çäreler toplumynyň meýilleşdirilendigi bellenildi. Türkmenistanyň halkara giňişlikde öňe sürýän başlangyçlarynyň BMG-niň Tertipnamasynyň parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de halkara dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak ýaly ugurlary bilen utgaşýandygyny belläp, maslahata gatnaşyjylar bu işleriň halkara gün tertibiniň möhüm meseleleriniň çözgüdine gönükdirilýändigini aýratyn nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, Milletler Bileleşigi tarapyndan kabul edilen Kararnama mynasybetli meýilleşdirilen çärelere işjeň gatnaşmak we olary guramaçylykly geçirmek babatda zerur tagallalaryň ediljekdigi bellenildi.
Baýnazar BAÝHANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby,
«Türkmenistan».
Çeşme: "Türkmenistan" gazeti - 03.08.2026 ý.
Последние новости
01/08/2026
YNSAN SAGLYGY — DÖWLETIMIZIŇ BAŞ ALADASY
28/07/2026
Döwletlilik pelsepesiniň beýany