
30/11/-0001
742
HALKARA GATNAŞYKLARYNDA PARLAMENT DIPLOMATIÝASY ÖSDÜRILÝÄR
Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar ýylsaýyn ösüşlere eýe bolýar. Muňa mysal edip, şu ýylyň 10-njy iýunynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna bolan resmi saparda bolmagy, şeýle-de Russiýa Federasiýasynyň döwlet sylagy — «Dostluk» ordeni bilen sylaglanmagy iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklarynyň pugtalandyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Türkmen-rus gatnaşyklary diňe bir syýasy, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ugurlarda däl-de, eýsem parlamentariýa gatnaşyklary hem ösdürilýär.
Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine girişen gününden başlap, parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda ähli tagallalary edýär. Döwlet Baştutanymyzyň goldamagy bilen, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda, 2022-nji ýylyň 12-13-nji maýynda Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň geçirilmegi aýratyn möhüm ähmiýete eýe boldy. Şeýle-de, forum bu döwletleriň arasynda halkara tagallalary yzygiderli birleşdirmekde, ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy berkarar etmekde wajyp orunda durýar.
“Halkyň Arkadagly zamanasy” diýip atlandyrylan ýylynyň 1-3-nji noýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasyna amala aşyran resmi sapary parlamentara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilendir. Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň çakylygy boýunça amala aşyrylan saparyň dowamynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi. Olaryň netijesinde Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Hyzmatdaşlyk boýunça parlamentara toparyny döretmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi. Munuň özi parlamentara gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylýandygyny görkezýär. Parlamentara toparyň işjeň hereket etmegi netijesinde, onuň dürli meseleleriň çözülmegine, parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň, özara düşünişmegiň guraly bolup durýan parlament diplomatiýasynyň berkidilmegine ýardam etjekdigi şübhesizdir. Iki ýurduň parlament wekilleriniň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklar türkmen-rus gatnaşyklarynyň geljekki ösüşleri babatda pikir alyşmaga mümkinçilik döretdi.
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň Gahryman Arkadagymyzy Russiýanyň ýokary döwlet sylagy — IV derejeli «Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin» ordeni bilen sylaglamagy Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşýan goşandynyň ykrarnamasy boldy.
Umuman, Döwletara gatnaşyklaryň ähli ugurlarynda öňde durýan wezipeleriň çözülmeginde parlamentariler möhüm orun eýeleýär. Sebäbi islendik ugurda gatnaşyklary düzgünleşdirýän hukuk resminamalarynyň kämilleşdirilmegi zerur bolup durýar. Ýurtlaryň milli kanunçylyklarynyň oýlanyşykly we deňagramly sazlaşdyrylmagy üçin parlament derejesindäki hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi zerurdyr.
Arslan SYÝAHATOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby.