
898
Biz beýik zamanaň talyp ýaşlary
Hemmämiziň bilşimiz ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda her bir günümiz ösüş-özgerişlere, toýdur baýramlara beslenýär. Elbetde, bu erteki deýin arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdunda ýaşap, beýik özgertmeleriň şaýady bolmak hemmämiz üçin uly bagt bolsa gerek.
Türkmen halky röwşen geljegi nazarlap barýar. Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ylym-bilim Aý kimin kalbymyzy nurlandyryp, Gün kimin dünýämize ýagty saçýar. Biz ýaşlara bolsa, döredilen ähli mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp, Arkadagly Serdarymyzyň biz ýaşlar üçin edýän atalyk aladalaryndan ruhlanyp, ylym-bilim derýasynyň merjen-dürüni susup alaýmak galýar. Biziň ylym ojagymyz bolan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty geçen ýylda mekdep okuwçylarynyň arasynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşigini gurnady. Maňa hem «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzda şol bäsleşikde üstünlikli çykyş etmek bagty miýesser etdi. Bäsleşik bize bilimlerimizi çuňlaşdyrmakda uly kömek etdi. Ýüregimizde beslän talyp bolmak hyjuwymyzy has-da berkitdi, ylhamymyzy galkyndyrdy.
Şeýle eşretli zamanda ýaşap, ýurdumyzyň ösüş-özgerişleriniň, şanly ýeňişleriň şaýady bolmak biz — ýaşlary diýseň buýsandyrýar. Maňa hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtly talyby bolmak miýesser etdi. Şeýle bagtyň eýesi bolup, hiç bir ynsan hem joşman durup bilmez. Men hem bagtly pursatlarymyzy goşgy bilen beýan etmek isleýärin:
Talyp ýaşlary
Diýarymda ajap döwran döredýän,
Biz beýik zamanaň talyp ýaşlary.
Arkadag taglymyn dünýä jar edýän,
Biz bagtly zamanaň talyp ýaşlary.
Belende göterip Watan adyny,
Dogan edýäs dünýäň ýakyn ýadyny.
Şan goşup Watanmyň bedew badyna,
Biz bagtyýar döwrüň talyp ýaşlary.
Ylym-bilim ýolumyza şamçyrag,
Okamaga, öwrenmäge höwes bar.
Her işde nusgalyk dana Arkadag,
Biz bagtyýar döwrüň talyp ýaşlary.
Söýýäris Watany, dagy-düzüni,
Diňe öňe barýas, dik tutup seri.
Biz ýurduň geljegi, ganaty-peri,
Biz bagtyýar döwrüň talyp ýaşlary.
Biz ýaşlaryň ylymly-bilimli, Watansöýüji, giň dünýägaraýyşly ýaşlar bolup ýetişmegimiz gijesini gündiz edip, zähmet çekýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak belent başy aman bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin! Hormatly Prezidentimiziň biz ýaşlar üçin edýän taýsyz tagallalaryna jogap edip, ýurdumyzda bolup geçýän her bir ösüş-özgerişleri, ýetirilýän belent sepgitleri mundan beýläk hem öz döredijilik eserlerimizde mynasyp wasp ederis.
Aýnur HUDAÝBERGENOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň
Halkara žurnalistikasy hünäriniň I ýyl talyby.