Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
        • Bilim ulgamyndaky türkmen-rus hyzmatdaşlygy
        • Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy: täze mümkinçilikler
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
        • «ÝAŞ DIPLOMATLAR» YLMY GURNAGYNYŇ GURAMAGYNDA SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
        • «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ II ÝARYM FINAL OÝNY
        • «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ I ÝARYM FINAL OÝNY
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Sosial media
      • TikTok
      • Instagram
    • Media
    Esasy / Makalalar / Arkadag şäheri — iri sport merkezi
    Arkadag şäheri — iri sport merkezi surady
    08/07/2023

    2110

    Arkadag şäheri — iri sport merkezi

    Ähli babatda nusgalyk derejä eýe bolan Arkadag şäherinde futbol bilen meşgullanmak üçin ajaýyp mümkinçilikler döredildi. Şu maksatlar bilen, Arkadag şäheriniň Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirligi döredip, köpugurly sport toplumy we sport merkezi (suw-sport toplumy), 10 müň orunlyk stadion guruldy. Olaryň ählisi halkara ölçeglere laýyk gelýän enjamlar bilen üpjün edildi. Bu ýerde sportuň başa-baş söweş görnüşleri, futbol, woleýbol, basketbol, uly we stol üstündäki tennis, agyr we ýeňil atletika, gimnastika, gylyçlaşmak, küşt, şaşka we beýlekiler, şol sanda sportuň suw görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli şertler döredildi. Şeýle hem fitnes, trenažýor, maslahatlar zallary we beýleki otaglar göz öňünde tutuldy. Sport merkezinde suwda ýüzülýän uly howuzdan başga-da, çagalar üçin niýetlenen suw-attraksionly howuz bar.

    Ýatlap geçsek, Arkadag şäheriniň açylyş dabarasynda şäher stadionynyň öňündäki meýdançada türkmen türgenlerini, şol sanda halkara ýaryşlarda baýrakly orunlara mynasyp bolan ýaşlaryň, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplarynyň, ugurdaş okuw mekdepleriniň okuwçylarynyň görkezme çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Olar sportuň dürli görnüşleri boýunça öz ussatlyklaryny görkezdiler. Talyplaryň «Sagdyn nesil» atly tans topary hem özüniň döredijilik sowgadyny taýýarlady. Şol pursatda sport merkezinde suwda ýüzüjiler we suwda top oýnaýanlar öz başarnyklaryny görkezdiler. Köpugurly sport toplumynyň zallarynda hem türgenleriň çykyşlary guraldy.

    Aýratyn bellemeli ýagdaý, 1-nji iýunda bu stadionda ilkinji futbol duşuşygy geçirildi. «Arkadag» hem-de «Ahal» futbol toparlary özara ýaryşdylar. Netijede, «Arkadag» topary 3:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Şeýlelikde, futbol jemgyýetiniň wekilleri täze stadionyň mümkinçiliklerini hem synagdan geçirdiler. 10 müň orunlyk bu stadionda geljekde ýurt we halkara derejeli futbol duşuşyklarynyň köp sanlysyny geçirmek meýilleşdirilýär.

    Begendik DÖWLETÝAROW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    TÜRKMEN-AWSTRIÝA GATNAŞYKLARY ÖSDÜRILÝÄR surady

    21/04/2026

    TÜRKMEN-AWSTRIÝA GATNAŞYKLARY ÖSDÜRILÝÄR
    Новая веха в стратегическом диалоге Туркменистана и Китая surady

    20/04/2026

    Новая веха в стратегическом диалоге Туркменистана и Китая
    BÜTINDÜNÝÄ SAGLYGY GORAÝYŞ GURAMASY: ÄHLUMUMY SAGLYGYŇ GORAGYNDA surady

    16/04/2026

    BÜTINDÜNÝÄ SAGLYGY GORAÝYŞ GURAMASY: ÄHLUMUMY SAGLYGYŇ GORAGYNDA
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI