«Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017-2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň» geosyýasy we geoykdysady, hukuk, medeni-gumanitar ugurlaryny ylmy taýdan öwrenmek maksady bilen institutda 2018-2023-nji ýyllara niýetlenen 6 sany ugur boýunça, ýagny «Türkmenistanyň daşary-syýasy strategiýasynyň we diplomatiýasynyň ylmy esasda ösdürilmegi», «Halkara we deňeşdirme hukugyň derwaýys meseleleri», «Türkmenistanyň halkara ykdysady gatnaşyklardaky tutýan orny», «Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe žurnalistikanyň orny», «Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen medeni-ynsanperwer, ekologiýa ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy», «Ýörite hünär ugurlary boýunça daşary ýurt dillerini öwretmekligiň wajyp meseleleri» atly temalar boýunça köpçülikleýin ylmy işler alnyp barylýar.
STRATEGIK BARLAGLAR BOÝUNÇA YLMY MERKEZ
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 9-njy iýulyndaky N2318 belgili Kararyna laýyklykda döredildi. Merkeziň baş wezipesi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlary boýunça netijeli halkara hyzmatdaşlygyny alyp barmaga gönükdirilen başlangyçlaryny hem-de olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilişini çuňňur öwrenmek esasynda, ylmy-seljeriş we maslahat beriş işini guramakdan ybarat bolup durýar. Merkez ýörite buýruklar we özbaşdak başlangyçlar esasynda ylmy barlag işlerini hem alyp barýar. Merkezde şeýle hem Halkara gatnaşyklary institutynyň öňünde goýlan wezipelerden ugur alyp, ylmy monografiýalar, okuw kitaplary we gollanmalary, ylmy-teoretiki häsiýetli makalalar, analitiki synlar, hasabatlar we habarlar taýýarlanylar. Türkmenistanyň häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň möhüm talaplaryna jogap berýän täze mazmunly hem-de işjeň häsiýetli daşary-syýasy strategiýasyndan gelip çykýan konseptual we maksatlaýyn wezipeler, netijeli diplomatiýanyň amala aşyrylmagy bilen bagly çemeleşmeler we ýörelgeler Merkeziň ulgamlaýyn işiniň esasyny düzýär. Şu maksat bilen Merkez tarapyndan ylmy-barlag işleri bilen birlikde ylmy- tejribe maslahatlary, seminarlar, “tegelek stollar,” duşuşyklar we beýleki ähmiýetli çäreler geçirilýär.
YLMY GURNAKLAR
Institutda birnäçe gurnaklar hereket edýär. «Ýaş diplomatlar» ylmy gurnagynyň
esasy ugry Türkmenistanyň we dünýä döwletleriniň halkara gatnaşyklarynyň we diplomatiýasynyň derwaýys meselelerini öwrenmekden we ylmy-barlag tejribesini toplamakdan, maksady bolsa talyplaryň ylmy-barlag endiklerini ösdürmekden we olaryň arasyndan zehinleri saýlap, geljekde has çuňlaşdyrylan görnüşde ylmy işleri ýazmaga çekmekden hem-de ylmy teklipleri taýýarlamakdan ybaratdyr. «Ýaş diplomatlar» gurnagynda dürli işler geçirilýär. Gurnagyň agzalary tarapyndan döwrüň derwaýys halkara meseleleri, aýratyn hem ulag, energetika, ekologiýa, medeniýet we saglygy goraýyş ugurlary boýunça ylmy işler alnyp barylýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde Türkmenistan döwletimiz tarapyndan öňe sürlen halkara başlangyçlarynyň ugurlary boýunça seljeriş işini geçirmek işi hem gurnagyň agzalary tarapyndan dowam etdirilýär. Talyplaryň ylmy-barlag endiklerini ösdürmek we bu babatdaky başarnyklaryny yzygiderli artdyrmak maksady bilen ýyllyk we diplom işleriniň ýazylyşyna gözegçilik edilýär, ýakyndan ýardam berilýär.
«Ýaş hukukçylar» ylmy gurnagynyň esasy ugry Halkara hukugynyň we deňeşdirme hukugynyň hem-de milli kanunçylygyň derwaýys meselelerini öwrenmekden, maksady talyplaryň ylmy-barlag endiklerini ösdürmekden we bu babatdaky başarnyklaryny artdyrmakdan ybaratdyr. Gurnagyň agzalary tarapyndan Halkara hukugy fakultetiniň ähli talyplaryna, hususan-da, kiçi ýyl talyplaryna ylmy-barlag endiklerini ösdürmek we bu babatdaky başarnyklaryny yzygiderli artdyrmak, ýyllyk we diplom işleriniň ýazylyşyna gözegçilik etmek baradaky işlerine Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň mugallymlary bilen birlikde yzygiderli ýakyndan ýardam we maslahatlar berilýär.
«Ýaş ykdysatçylar» ylmy gurnagynyň esasy ugry Dünýä ykdysadyýetiniň we halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň derwaýys meselelerini öwrenmekden, maksady talyplaryň ylmy-barlag endiklerini ösdürmekden we bu babatdaky başarnyklaryny artdyrmakdan, Türkmenistanyň dünýä ykdysadyýetine işjeň goşulyşmagy barada ylmy teklipleri taýýarlamakdan ybaratdyr. Gurnagyň agzalary tarapyndan döwrüň derwaýys halkara ykdysady meseleleri, aýratyn hem ykdysadyýet, maliýe, energetika, ulag, ekologiýa, medeniýet we saglygy goraýyş ugurlary boýunça ylmy işler alnyp barylýar.
«Ýaş žurnalistler» ylmy-döredijilik gurnagynyň esasy ugry talyplaryň köpçülikleýin habar beriş ulgamyna degişli ylmy işleri ýazmaga ukyplaryny artdyrmak we ylmy işlerine degişli makalalary ýazyp, ylmy we merkezi metbugatlarda çap etdirmek, telegepleşikleri alyp barmagy we guramagy öwrenmek babatynda goşmaça döredijilik başarnyklaryny emele getirmek bolup durýar. Gurnagyň esasy maksady talyplaryň žurnalistika ugrundan iş ýüzündäki başarnyklaryny kämilleşdirmekden ybaratdyr. Ýylyň dowamynda talyplaryň özara işjeňligini gazanmak maksady bilen Halkara žurnalistikasy fakultetiniň toparlarynyň arasynda “Iň gowy gepleşik taýýarlamak”, “Iň köp kitap okan talyp”, “Metbugatda iň köp çykyş eden topar” atly bäsleşikler gurnalýar. Ýylyň dowamynda «Ýaş žurnalistler» gurnagynyň düzüminde hereket edýän «Umman» kitaphanasynyň hem kitap gory artdyrylýar. Şeýle-de bu gurnagyň çäginde okuw studiýasy, “Ýaş diplomatyň sesi” atly elektron gazetiniň redaksiýasy, institutyň çäginde taýýarlanyp, ýaýlyma berilýän “Žurnalistiň sesi” atly radioýaýlymy hereket edýär.
«Paýhas we parasat» ylmy gurnagynyň esasy ugry halkymyzyň ylmy-filosofik we taryhy-logiki mirasyny, diplomatiýanyň psihologik medeni-däp ýörelgelerini öwrenmekden, dünýäde meşhur akyldarlaryň eserlerini öwrenmek bilen ylmy maglumatlary taýýarlamakdan ybarat bolmak bilen, esasan hem talyplaryň medeni-filosofik dünýägaraýşyny giňeltmegi we baýlaşdyrmagy maksat edinýär. Gurnagyň agzalarynyň ylym-bilime bolan gyzyklanmalaryny artdyrmak babatynda hem dürli görnüşli duşuşyklar, bäsleşikler geçirilýär.
“Lingvo World” ylmy gurnagynyň esasy ugry talyplaryň daşary ýurt dillerini öwrenmeklige bolan gyzyklanmalaryny ösdürmekden, dil baýlygyny artdyrmakdan, halkaraçy hünärmeniň dil babatyndaky taýýarlygynyň wajypdygyny düşündirmekden ybaratdyr. Gurnakda BMG-niň resmi günleri, ýagny Halkara terjime güni, Halkara parahatçylyk güni, Köpdillilik Rezolýusiýasy, BMG-niň resmi dilleriniň güni bilen bagly bäsleşiklerdir duşuşyklary guramak indi däbe öwrüldi. Şeýle hem gurnagyň agzalary, paýtagtymyzda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan gurnalýan daşary ýurtlaryň kino günlerine gatnaşyp, öz öwrenýän dillerinde filmlere tomaşa edýärler, guralýan sergilere aýlanýarlar. Talyplaryň hünär adalgalaryny özleşdirmekleri, öz hünär ugurlaryna dahylly tekstleri okap, düşünip bilmekleri, hünär ugurlary boýunça alnyp barylýan gepleşiklerde öz pikirlerini beýan edip bilmekleri üçin fakultetleriň arasynda iňlis dilinde bäsleşikler hem yzygiderli geçirilýär. Talyplar tarapyndan “Debates club” her hepdede gurnalýar. Arakesme wagtynda dünýä täzelikleri institutyň ses beriş ulgamyndan goýberilýär.
