Habarlar

 2021-nji ýylyň 20-nji martynda Diýarymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen ählihalk bag ekiş dabarasyna  Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlary we talyplary hem işjeň gatnaşdylar. Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň tokaý zolagynda daň säher bilen gyzgalaňly ba...

20.03.21

 1999-njy ýylda Parižde geçirilen UNESCO-nyň 30-njy Baş mejlisinde 21-nji mart - Bütindünýä şygryýet güni diýlip yglan edildi. Onuň şeýle atlandyrylmagynyň baş maksady hem, şahyrana beýan etme arkaly diliň dürli aýratynlyklaryny saklamak we ýitme howpy abanýan dilleriň ullanylmagyna mümkinçilik döretmekden ybaratdyr.

 ...

20.03.21

 2021-nji ýylyň 18-nji martynda Aşgabat şäheriniň 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebinde Durnukly ösüş maksatlaryna bagyşlanan okuw sapagy guraldy. Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezi tarapyndan gurnalan okuw sapagyna Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileri, şeýle hem bu mekdebiň okuwçylary gatnaşdylar.

19.03.21

 Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gözel görki gül açýan eziz diýarymyz gün-günden ösýär, özgerýär. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ata Watanymyz adamzat ösüşiniň belentliklerine tarap uly ynam, buýsanç bilen barýar. “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynananyşmagyň Watany” diýip atlandyrylan ýylda eşretli durmuşyň hözirini görýän halkymyzyň her bir...

19.03.21

 2021-nji ýylyň 18-nji martynda ýaşlaryň ählitaraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan sagdyn, bilimli-ylymly bolmagyny gazanmak, ýaşlarda ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren mertlik, watansöýüjilik, halallyk, päkýüreklilik, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetlerini terbiýelemek hem-de olarda milli mirasymyza bolan sarpany kemala ge...

18.03.21

 2021-nji ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Jemgyýetçilik guramalary, Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň “Ýaş žurnalistler” ylmy-döredijilik gurnagy tarapyndan okuwçy we talyp gyzlaryň arasynda "El hünäri - il gezer" atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Onuň maksady "Türkmenistanda ýa...

18.03.21

 Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndaky Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezinde “Ulag diplomatiýasy” ugry boýunça ýörite tassyklanan okuw meýilnamasyna laýyklykda 2021-njy ýylyň 18-nji martynda “Türkmen Ak ýol” hojalyk jemgyýetiniň wekili Mekan Meňliýew...

18.03.21

 2021-nji ýylyň 17-18-nji martynda paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli serginiň we birleşmäniň agzalarynyň maslahatynyň açylyş dabarysy boldy. Hormatly Prezidentimiziň ‹‹Hususy telekeçilik häzirki döwürde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň we jemgyýetiniň durmuşynyň aýrylmaz bir bölegi›› diýen...

18.03.21

Şu günler Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň garamagyndaky sport mekdeplerinde  Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hereket edýän Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezi tarapyndan 2020-2021-nji okuw ýyly üçin ylalaşylan okuw maksatnamasyna laýyklykda gurnalýan okuw sapaklarynyň nobatda...

18.03.21

 2021-nji ýylyň 17-18-nji martynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 13 ýyllygyna bagyşlanyp, sergi we maslahat geçirildi. Sergide 170 kompaniýa öz önümlerini we hyzmatlaryny görkezdiler. Olaryň arasynda oba hojalygy, gurluşyk, söwda, bilim, ýokary tehlogoliýalar ulgamy, şeýle hem senagat we azyk ön...

17.03.21