«Žurnalistika bilen edebi döredijiligiň ýakynlygy» atly okuw maslahaty geçirildi

 2021-nji ýylyň 17-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Žurnalistika bilen edebi döredijiligiň ýakynlygy» atly okuw maslahaty geçirildi. Institutyň Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy tarapyndan guralan maslahata bu ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we “Ýaş ykdysatçylar”, “Ýaş žurnalistler” ylmy gurnaklarynyň agzalary gatnaşdylar.

 Okuw maslahatynda çykyş eden “Biznes” reklama gazetiniň baş redaktory Seýitmyrat Geldiýew žurnalistika bilen edebi döredijiligiň ýakynlygyny gazanmakda ýüze çykýan meseleler, bu ugurda dünýä edebiýatynda we žurnalistikasynda ýetilen sepgitler barada gürrüň berdi. Maslahatda şeýle hem institutymyzyň Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň uly mugallymy Perhat Çaryýew çykyş edip, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda alnyp barylýan  işleriň üstünde durup geçdi.

 Maslahatyň barşynda talyplar çykyş edenlere özlerini gyzyklandyrýan sowallary berdiler.

 

Merdan BAÝJANOW, 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara ykdysady gatnaşyklary

 fakultetiniň III ýyl talyby.