Zenanlar — ýaşaýşyň gözelligi

 Milli senenamamyzda aýratyn orny eýeleýän “8-nji Mart – Halkara zenanlar güni” ýurdumyzda döwlet derejesinde giňden bellenilip, merdana halkymyzy, ozaly bilen täze maksatlara, beýik işlere ruhlandyrýar, nesillerimizde milli buýsanjy, ynsanperwerligiň belent häsiýetlerini terbiýeleýär.

 Ine, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem eziz Diýarymyzda ýaz paslynyň jana şypaly günlerinde bu halkara baýram ýokary ruhubelentlik bilen giňden bellenilýär. Hormatly Prezidentimiziň “Enä tagzym – mukaddeslige  tagzym” atly kitabynyň halkymyza ruhy serpaý edilip ýapylmagy bu aýdyň hakykata şaýatlyk edýär. Ýurdumyzda beýik özgertmeleri, iri möçberli maksatnamalary durmuşa geçirmekde özleriniň ähmiýetli goşandyny goşup, bitiren aýratyn hyzmatlary  hem-de zähmetde, jemgyýetçilik durmuşynda gazanan uly üstünliklerini nazara almak bilen gelin-gyzlarymyza “Zenan kalby” ordeni we Mähriban Prezidentimiziň Permany bilen Garaşsyz Watanymyza wepaly, sagdyn, ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirýän sekiz we şondan köp çagaly enelere “Ene mähri” diýen hormatly adyň dakylmagy mynasybetli  döwlet sylaglaryny gowşurylyş dabaralary geçirilýär. Öý-ojaklarymyzyň ýaraşygy, durmuşymyzyň bezegi bolan zenanlarymyz asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçirilip, kämil derejä ýetirilen däp-dessurlarymyzy mynasyp dowam etdirmek bilen ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda yhlasly zähmet çekýärler, ýurdumyzy kuwwatly döwlete öwürmek ugrunda ähmiýetli işleri amala aşyrýarlar.

 Älemi özleriniň ýyly mähri bilen ýyladýan zenanlarymyz durmuşymyzyň nurly şöhlesi bolup, bizi ýagty geljege atarýar. Goý, Zeminiň zynaty, dünýäniň durky bolan zenanlarymyzyň ýüzleri elmydama gülüp dursun! Zenanlaryň sarpasyny belent tutup, olary bagtyýarlykda bagtly ýaşadýan Mähriban Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!


Gözel EMINOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby