TÄSIRLI GEÇEN ONLAÝN BÄSLEŞIGI

 2021-nji ýylyň 14-nji iýunynda institutyň sanly bilim portaly arkaly Hormatly Prezidentimiziň peşgeş beren “Döwlet guşy” romany boýunça çeper okaýyş bäsleşigi onlaýn test sowalnamasy arkaly geçirildi. Bäsleşik 2021-nji ýylyň 14-nji maýynda tassyklanan “Asyrlaryň dowamynda çuňňur many-mazmuna eýe bolan hem-de şu günlerimize gelip ýeten milli ýörelgelerimizi wagyz-nesihat etmek” atly meýilnama laýyklykda geçirildi. Bäsleşige jemi 43 sany talyp gatnaşyp, sanly bilim portalyň derejeleýin grafigi boýunça 95-100 % aralygynda utuk toplan 14 sany talyp gowy netijeleri gazanyp, şolardan 9 talybyň görkezijisi 100 % deň boldy. 80-95 % aralygynda utuk toplan talyplaryň sanynyň 8-e, 60-80 % aralygynda bolsa utuk toplan talyplaryň sanynyň 5-e deň bolandygyny derejeleýin grafikde görmek bolýar. Bu bäsleşik öz täsirliligi bilen talyplaryň çeper eserleri okamaga bolan gyzyklanmalaryny artdyrmaga, şol bir wagtyň özünde hem ýatkeşliklerini barlap görmäge mümkinçilik döretdi. “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna” we ony durmuşa geçirmek üçin tassyklanan meýilnama laýyklykda ähli ýokary okuw mekdeplerde ähli şertler döredilýär. Bu bolsa raýatlaryň sanly sowatlylykdan habarly bolmaklaryna we sanly bilim ulgamynyň ähli mümkinçiliklerinden baş alyp çykmaklaryna itergi berýär.


Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy

 Almanar ÝAZBERDIÝEWA