DÖM-niň ýaş ilçileri okuw maslahatyny geçirdiler

 2021-nji ýylyň 4-nji fewralynda DÖM-niň ýaş ilçileri Aşgabat şäheriniň 21-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik mekdebiniň okuwçylary bilen  “Durnukly ösüş maksatlary” atly okuw sapagyny geçirdiler. Sapagyň dowamynda DÖM-niň ýaş ilçileri Durnukly ösüş maksatlary we olaryň arabaglanyşygy barada çykyş etmek bilen, 7-nji maksada, ýagny “Amatly we arassa energiýa” aýratyn üns berdiler. Mälim bolşy ýaly, bu maksat Hemmeler üçin arzan, ygtybarly, durnukly we döwrebap energiýa çeşmeleriniň elýeterliligini üpjün etmek, diýlip atlandyrylýar. Energiýanyň elýeterliligi bolsa, adamlaryň abadançylygy, şeýle hem ykdysady ösüş üçin örän möhüm bolup durýar. Şunlukda, dünýä halklarynyň abadançylygy, şol sanda daşky gurşawy goramak üçin arzan, ygtybarly, durnukly we döwrebap energiýa çeşmeleriniň elýeterliliginiň ähmiýeti hem bellenip geçildi.


Arslankerim KERIMOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

 Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby