ÝOLDAŞLYK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

  2021-nji ýylyň 16-njy fewralynda Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Talyplar sport klublarynyň guramaklarynda sportuň gandbol görnüşi boýunça talyp oglanlaryň arasynda ýoldaşlyk duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşan talyplar özleriniň erjelliklerini görkezmegi başardylar. Çekeleşikli geçen ýoldaşlyk duşuşygy özüniň täsirliligi bilen tapawutlandy we ökdeleri ýüze çykardy. Ýoldaşlyk duşuşygynyň ahyrynda talyplar okuwdan boş wagtlary sport bilen meşgullanmana döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.


Aýlar ATAJYKOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.