YLYMLY ÝAŞLAR — WATANYMYZYŇ ALTYN GELJEGI

  Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyz Türkmenistanda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, sagdyn we ruhubelent watansöýüji ynsanlar bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Olary ylym-bilime höweslendirmek, ylmy-tehniki ösüşiň gazanan iň täze innowasiýalaryna çalt uýgunlaşýan hünärmenler edip taýýarlamak babatda ýurdumyzda dürli bäsleşikler geçirilýär. Bu ugurda Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasy bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde her ýyl yzygiderli ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda geçirýän ylmy işleri boýunça bäsleşigini aýratyn bellemek gerek. Ýakynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndan agzalan bäsleşige gatnaşjak ýaşlary kesgitlemek boýunça türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde bäsleşigiň saýlama tapgyry geçirildi. Oňa ýokary okuw mekdebimiziň alymlar geňeşiniň agzalary, professor mugallymlar we ylym bilen meşgullanýan ýaşlaryň birnäçesi gatnaşdylar.

  Hususan-da, Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň öwreniji mugallymy Suraý Hemraýewanyň «Türkmenistanyň sanly diplomatiýasynyň häzirki zaman ösüşi we geljegi uly ugurlary», Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa hünäriniň 5-nji ýyl talyby Nurmuhammet Baýramowyň «Türkmenistanyň sanly diplomatiýasynyň ösdürilmegi», şol hünäriň 2-nji ýyl talyby Serdar Rahymowyň «Öňüni alyş diplomatiýasy milli bähbitleriň goragçysydyr», Halkara hukugy hünäriniň 3-nji ýyl talyby Jahan Öräýewanyň «Türkmenistanyň sanly ulgamynda maglumat howpsuzlygynyň hukuk düzgünleşdirilişi», şol hünäriň 2-nji ýyl talyby Arslan Rejepowyň «Halkara hukugynda Bitaraplyk institutynyň kämilleşmegi», Halkara ykdysady gatnaşyklary hünäriniň 5-nji ýyl talyby Jumamyrat Gutlyýewiň «Hazar deňziniň sebitinde ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri» şol hünäriň 3-nji ýyl talyby Döwlet Tejenowyň «Resikling işiniň ähmiýeti we onuň mümkinçilikleri», Halkara žurnalistikasy hünäriniň 4-nji ýyl talyby Laçyn Berdimyradowanyň «Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň sanlylaşdyrylmagynyň ähmiýeti», şol hünäriň 3-nji ýyl talyplary Laçyn Rahmanowanyň «Žurnalistiň edep kadalary» we Sona Halykowanyň «Türkmenistanyň ekologiýa maglumatlylygyny üpjün etmekde sanly ulgamyň ähmiýeti» atly ylmy işleri aýratyn gyzyklanma bilen diňlenildi.

   Saýlama tapgyrda ýokarda ady agzalan ýaşlaryň özleriniň ylmy işleri barada eden çykyşlary we öňe sürýän ylmy teklipleri degişli ugurlarda bar bolan meseleleriň özara kabul ederlikli çözgüdini işläp taýýarlamaga ýardam berýär. Olaryň hatarynda hormatly Prezidentimiziň daşary syýasat başlangyçlaryndan ugur alnyp, ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny mundan beýläk-de has-da ösdürmek babatda ýazylan ylmy işleriň we orta atylan teklipleriň bolmagy institutymyzda türkmen diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça ylmy gözlegleriň üstünlikli dowam etdirilýändigini ýene-de bir gezek doly subut etdi. Bu babatda ýokary okuw mekdebimizde Milli Lidermiziň degişli Kararlary bilen Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet we Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezleriniň açylmagynyň hem-de merkezlerde agzalan ugurlar boýunça fakultatiw okuwlaryň gurnalmagynyň uly ähmiýeti bar. Bu merkezlerde talyplarymyzyň bilim almagy we ylym öwrenmegi, türkmen diplomatiýasynyň şu ugurlary boýunça has-da kämilleşmegi ylmy gözlegleriň netijeliligini has-da artdyrdy. Munuň özi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň altyn geljegi hasaplanýan ýaşlary ylma çekmek hem-de olaryň öz ukyp-başarnyklaryny ata Watanymyzyň ertirki ykbalynyň we mundan beýläk-de ykdysady taýdan kuwwatlanmagyna hatyrasyna gönükdirmegi ugrunda uly işleriň durmuşa geçirilýändigine doly we aýdyň şaýatlyk edýär.


Jumamyrat GUTLYÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyby