Ýaş diplomatlar üçin okuw sapagy

 2021-nji ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň arasynda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlaryna bagyşlanan sanly wideo aragatnaşyk arkaly okuw sapagy geçirildi. Institutyň professor-mugallymlary hem-de talyplary gatnaşan bu okuw sapagyny Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy Şagadam Baýramdurdyýew alyp bardy.

 Okuw sapagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallymy Suraý Hemraýewa, şol institutyň Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Jemal Rematullaýewa hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklary we dünýä syýasaty hünariniň 2-nji ýyl talyby Mähri Saryýewa çykyş edip, ýurdumyzyň halkara giňişligindäki syýasy, durmuş – ykdysady we medeni ugurlarda täsirini ýokarlandyrmak, dünýäde ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek, dost-doganlygy pugtalandyrmak, döwletleriň we halklaryň arasyndaky gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy täze hil derejelerine çykarmak ugrunda Milli Liderimiziň alyp barýan beýik işleri dogrusynda gürrüň berdiler. Berkarar  döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ählumumy parahatçylyk we howpsuzlyk, dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmek ugrundaky tagallalarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan gyzgyn goldawa eýe bolýandygyny çykyş edenler aýratyn nygtadylar.

 

Jemal REMATULLAÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.