Şäher şertlerinde galyndylary dolandyrmak

29-njy iýulda “Grand Turkmen” myhmanhanasynda döwlet, hususy we jemgyýetçilik pudaklarynyň wekilleri, KHS, talyplar jemgyýetiniň wekilleri we DÖM Ýaş ilçileri tarapyndan wekilçilik edilýän ýaşlar arasynda “Şäher şertlerinde galyndylary dolandyrmak” atly temada tegelek stol duşuşygy geçirildi. Çäräni Türkmenistandaky Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýeti gurady. Çäräniň esasy maksady galyndylary dolandyrmak boýunça indiki maglumat kampaniýalarynyň ileri tutulýan ugurlaryny seljermek barada ilatyň dürli gatlaklary barada pikir alyşmak boldy.

Bilelikdäki tagallalar arkaly taraplar ekologiki medeniýeti emele getirmek, degişli hukuk binýadyny kämilleşdirmek we galyndylary gaýtadan işlemek üçin bar bolan çeşmeler barada köpçülige elýeterli maglumatlary ýaýratmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Gaýtadan işleýän senagatyň infrastruktura jähtleriniň durnuklylygyny ýokarlandyrmak boýunça teklipler yglan edildi.

Gatnaşanlaryň ýaş toparlarynyň köpdürlüligi we üýtgeşik tapawutlary sebäpli tegelek stoluň moderatorlary ýaşlaryň, aň-düşünjeli we ýaşy bir çene baran adamlaryň nukdaýnazaryndan pikir toplamagyň 3 modelini döretmegi başardylar, bu alnan netijelere obýektiwlik berdi.

Tegelek stoluň jemleýji bölegi toparlaryň hersiniň birnäçe wekiliniň jemleýji çykyşlary boldy, bu ýerde DÖM Ýaş ilçileri köpçüligiň öňünde çykyş etmek endikleri bilen tapawutlanmagy başarypdylar.

Çäräniň ahyrynda gatnaşyjylara goşan goşantlary üçin minnetdarlyk bildirildi, sowgatlar gowşuryldy.

 

Diýar LOMANOW, 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara ykdysady gatnaşyklary hünäriniň III ýyl talyby.