WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY

 2021-nji ýylyň 6-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Ol Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi, Türkmenistanyň Baş prokuraturasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan guraldy.

 Duşuşykda çykyş edenler ýaşlaryň  ählitaraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan sagdyn, ylymly-bilimli bolmagyny gazanmak, olarda ata-babalarymyzdan galan ýörelgeler esasynda mertlik, edermenlik, watansöýüjilik, halallyk, ruhubelentlik, päkýüreklilik, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetleri terbiýelemek hem-de milli mirasymyza bolan sarpany kemala getirmekde öňde durýan wezipeler barada aýtdylar.

 Wagyz- nesihat çäräniň ahyrynda ýaşlaryň döwrebap hünarmenler bolup ýetişmekleri üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri aýdyldy.


Meňli HOJAMUHAMMEDOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.