Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektorynyň Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy

 2021-nji ýylyň 5-nji fewralynda  Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýew bilen Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hiraýuki Ýamamoto bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn syýasy, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar gatnaşyklarynyň möhüm we esasy ugurlary, şeýle hem onuň ylmy aragatnaşygy giňeltmeklige gönükdirilen çäreleride ösdürilmeginiň we durmuşa geçirilmeginiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

 Şeýle-de, duşuşygyň dowamynda bellenilişine görä, bilim we ylym ulgamynyň uzak möhletleýin özara gatnaşygy döwletara hyzmatdaşlygyň däbe öwrülen ugry bolup durýar.  Şu jähtden, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bu ugruň ösmegine özüniň mynasyp goşandyny goşýar. Dürli ýyllaryň dowamynda institut Ýaponiýadan gelýän talyplaryň wekiliýetini kabul etse, bu ýokary okuw mekdebiniň talyplary Ýaponiýanyň “MARAI” atly ýaşlary alyş-çalyş okuw maksatnamasyna gatnaşdylar.

 Bellenilmegine görä, iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky halkara hyzmatdaşlygyň gerimi işjeň ýagdaýda giňelmek bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin Ýaponiýanyň wekilleriniň umumy sapaklary guralýar.

 Muňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň ýolbaşçylarynyň Ýaponiýanyň Goranmak ministrliginiň Milli ylmy-barlag institutynyň hünärmenleri jenap Hýödo Sindziniň hem-de jenap Ýasudzuka Masaaki bilen geçiren duşuşygyna we talyplar üçin geçirilen umumy sapaklaryna, şeýle hem institut bilen tanyşmaklaryna degişli bolan Ýaponiýanyň ylmy we syýasy toparlaryň wekilleriniň çykyşlaryny mysal getirmek bolar. Şu ýerde, geçirilen duşuşygyň myhmanlary bolup Türkmenistandaky Ýaponiýanyň diplomatik gullugynyň wekilleri jenap Tomidzawa Hisanori bilen jenap Ýosino Sýüntaronyň gatnaşandygyny bellemek gerek.

 Ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, Ýaponiýanyň döwlet gurluşy we parlamentiniň işi boýunça öňdebaryjy ylmy tejribäni öwrenmek maksady bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň wekillerinden düzülen türkmen wekiliýeti Ýaponiýada birnäçe gezek iş saparynda boldy.

 “Günüň dogup gelýän ýurdunyň” medeni we ruhy aýratynlyklaryny çuňňur öwrenmek hem-de wajyp dil endiklerini özleşdirmek üçin Halkara gatnaşyklary institutynda “Ikini daşary ýurt dili” hökmünde ýapon diliniň öwredilýändigi bellenildi. Bu bolsa, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da jebisleşýändigini we ähmiýetlidigini görkezýär.

 Duşuşygyň ahyrynda taraplar ylym we bilim ulgamynda türkmen-ýapon gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek babatynda teklipleriň birnäçesini hödürlediler. 


Akmuhammet JUMAGULYÝEW, 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 

Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara 

gatnaşyklary we diplomatiýasy 

 kafedrasynyň mugallymy