Çölleşmäge garşy göreşmekligiň Bütindunýä güni

 Her ýylyň 17-nji iýunynda bellenilýan Çölleşmäge garşy göreşmekligiň Bütindünýä güni, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 1994-nji ýylda ykrar edildi. Baýramçylgyň senesi 1994-nji ýylyň 17-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň “Çölleşmäge garşy göreş konwensiýasynyň” kabul edilmegi bilen baglanyşykly saýlandy. Bu konwensiýa şu günki günde çölleşmäge garşy göreşmek üçin geçirilýän halkara ähmiýetli çärelere esas bolup hyzmat edýär.

 Çölleşmek meselesi halkara ähmiýetli mesele bolup, halkara daşky gurşaw howpsuzlygyna, durmuş-ykdysady durnuklylyga we döwletleriň durnukly ösüşine ägirt uly täsirini ýetirýär.

 Şunuň bilen baglylykda BMG-niň Baş Assambleýasy 2010-njy ýylyň ýanwaryndan 2020-nji ýylyň dekabry aralygyndaky döwri BMG-niň çölleşmäge garşy göreşiniň 10 ýyllygy diýip yglan etdi. Bu 10 ýyllygyň maksady gurak ýerleri goramak boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegini ýaýbaňlaşdyrmakdy. Her ýyl Çölleşmäge garşy göreşmekligiň Bütindünýä güni belli bir ugra bagyşlanýar. Ilatyň abadançylygy we azyk howpsuzlygy ösýär. Landşaftlary tebigy görnüşine gaýtarmak biziň ýaşaýan ýerlerimizi has durnuklaşdyrýar, tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaldýar, biodürlüligi gorap saklamaga, parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmaga we howanyň çalt-çaltdan üýtgemekliginiň öňüni alýar.


Wepa KANAÝEW, 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara hukugy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.