Ulag diplomatiýasynyň möwsümleýin okuwy tamamlanýar

 Häzirki döwürde Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017-2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup Ulag diplomatiýasy çykyş edýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndaky Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw usulyýet merkezinde «Ulag diplomatiýasy» ugruna degişli ýörite tassyklanan okuw meýilnamasyna laýyklykda fakultatiw okuwlar ýokary derejede geçirildi. Bu merkezde tassyklanan meýilnama laýyklykda «Türkmen Logistika» Аssosiasiýasynyň agzalarynyň gatnaşmagynda 2021-nji ýylyň 4-nji martyndan 15-nji iýuny aralygynda «Owganystan–Türkmenistan–Azerbaýjan–Gruziýa–Türkiýe» ulag geçelgesiniň ähmiýeti, «Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty bilen Azerbaýjanyň Baku, Gazagystanyň Aktau, Kuruk, Russiýa Federasiýasynyň Astrahandaky Olýa halkara deňiz söwda portlary bilen özara gatnawlary ýola goýmagyň mümkinçilikleri», «Hazar deňzi – Wolga derýasy ugry bilen Ýewropanyň Baltika deňzindäki portlaryna çykmaklygyň mümkinçilikleri», «Hazar deňzi – Gara deňzi» halkara ulag geçelgesini amala aşyrmak hakyndaky dörttaraplaýyn hökümetara Ylalaşygynyň ähmiýeti, «Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman-Katar» ulag-üstaşyr geçelgäni döretmek hakynda Aşgabat Ylalaşygynyň ähmiýeti, «Amyderýanyň üstünden geçýän demir ýoluny we awtomobil köprülerini doly güýjünde ulanmagyň mümkinçilikleri», «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag-üstaşyr mümkinçilikleri we bu babatda  Türkmenistanyň  öňe süren halkara başlangyçlary», «Kerki-Ymamnazar-Akina-Andhoý» we «Turgundy-Hyrat» ugurlar boýunça halkara  demir ýollarynyň mümkinçilikleri atly temalardan umumy we amaly sapaklar ýokary derejeli hünärmenler we bilenmeler tarapyndan geçirildi. «Ulag diplomatiýasy» ugry boýunça fakultatiw okuwlaryň diňleýji talyplaryna ýörite Sertifikatlar gowşuryldy. Bu okuw sapaklaryna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary işjeň gatnaşdylar. Talyplar üçin okuw sapaklary örän täsirli boldy.

 

Perhat ÇARYÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 

Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara 

ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň uly 

 mugallymy