Täsirli geçen okuw sapagy

 2021-nji ýylyň 19-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Batyr Niýazliýewiň çykyş etmeginde  wideo aragatnaşyk arkaly okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagyna Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

 Hormatly ilçi talyplaryň öňünde “Türkmenistan we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar” atly tema bilen çykyş etdi we Türkmenistanyň daşary syýasaty, alyp barýan bähbitli hyzmatdaşlyklary hakynda täsirli gürrüňler berdi.

 Mundan başga-da, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda alnyp barylýan bitaraplyk syýasatymyzyň dünýäde galdyrýan täsiri, bähbitli taraplary, Bileşen Milletler guramasy bilen bu babatda alyp barýan hyzmatdaşlyklary hakynda hem durlup geçildi.

 Okuw sapagynyň ahyrynda hormatly ilçi talyplary gyzyklandyrýan birnäçe soraglara jogap berdi, şeýle-de pursatdan peýdalanyp, bütin türkmen halkyny ýetip gelýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.


Mähriban HUDAÝGULYÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

  Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby