Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi

2021-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy: parahatçylyksöýüji daşary syýasatyň we diplomatiýanyň taryhy tejribesi» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Geçirilen ylmy-amaly maslahatda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda ýetilen sepgitler, hormatly Prezidentimiziň dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy goramakda alyp barýan daşary syýasatynda gazanýan üstünlikleri dogrusynda ylmy çykyşlar diňlenildi. Maslahat bölümçelerde öz işini dowam etdi.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimizi we ähli türkmen halkyny mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk ýubileýi bilen  gutladylar.

 

Merjen JUMAGYLYJOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

 Halkara gatnaşyklary institutynyň II ýyl talyby.