Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan tegelek stol maslahaty

2021-nji ýylyň sentýabr aýynyň 22-sine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan tegelek stol maslahaty geçirildi.

Maslahaty institutyň rektory, taryh ylymlarynyň kandidaty Jumamyrat Gurbangeldiýew alyp bardy. Oňa ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň harby-syýasy bölüminiň başlygy jenap Wilýam Lit, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory Ýagmyr Nuryýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Ýewropa ýurtlary bölüminiň geňeşçisi Nury Amanmyradow, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko ýaly abraýly myhmanlar gatnaşdylar.

Maslahat türkmen we rus dillerinde alnyp baryldy. Onda çykyş eden myhmanlar Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 30 ýylynyň dowamynda ýeten ösüşli menzilleri, abraýly halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlygy barada aýdyp geçdiler. Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň dünýä döwletleriniň arasynda giň goldaw tapýandygyny bellediler. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletiniň halkara derejesindäki at-abraýyny berkitmekde alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw etdiler. Şeýle-de tutuş türkmen halkyny, milli Liderimizi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk ýubileýi bilen gyzgyn gutladylar.


Mähriban HUDAÝGULYÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 

 Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby