Türkmenistanyň daşary syýasat işiniň oňyn netijeleri we täze sepgitler

 9-njy fewralda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň daşary syýasatynda geçen 2020-nji ýylyň dowamynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Bu iş maslahatyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow we onuň orunbasarlary hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory şeýle-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektorlary gatnaşdylar.
 Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunda ýerine ýetirilen işlere, bu ugurda gazanylan üstünliklere, öňdäki maksatlara ýetmek ugrunda alnyp barylýan işlere we birnäçe meselelere seredildi.
Milli Liderimiz hasabatlary diňläp, degişli ýolbaşçylara döwletimiziň iri halkara guramalary bilen, daşary ýurtlar bilen alyp barýan dostlukly hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem pugtalandyrmak boýunça birnäçe tekliplerini we maslahatlaryny berdi. Iş maslahatynyň barşynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň parahatçylyk we ynanyşmak ýoly bilen uly üstünliklere ýetýän daşary syýasatynyň, türkmen diplomatiýasynyň möhüm ugurlarynyň üstünde işlemek hem-de bu ugurda ýaş hünärmenleri taýýarlamakda işleri kämilleşdirmek, täze hünärleri açmak boýunça degişli ýokary okuw mekdepleriniň rektorlaryna birnäçe tabşyryklaryny berdi.
 Maslahatyň dowamynda bu ugurda yhlasly zähmet çeken diplomatlary höweslendirmek maksady bilen, Gahryman Arkadagymyz “Türkmenistanyň ussat diplomaty” atly tapawutlandyryş nyşanyny döretmek baradaky Karara gol çekdi. Bu şatlykly habar bolsa türkmen diplomatlary, bu ugurda zähmet çekýän ähli işgärler üçin diýseň begendiriji we buýsandyryjy waka boldy.
 Döwlet Baştutanymyz maslahatyň ahyrynda “Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly şygar bilen geçýän bu ýylymyzda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli halkara derejesinde geçiriljek maslahatlara, sergilere, çärelere giňden taýýarlyk işlerini görmäge uly üns berilmelidigini belledi.
 Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatyny tamamlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar döwletimiziň ösüşleri ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.


 Seýli ARYŞOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň 3-nji ýyl talyby.