TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGY – TEJRIBELIGIŇ BEÝIK NUSGASY

«Garaşsyzlyk, Bitaraplyk - ösüşiň goşa ganaty» atly çeper-publisistik makalalar bäsleşigine

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow:

Bitaraplyk – munuň özi her bir ynsanda öz ýurdunyň halkara derejesindäki ornuny duýmaga, oňa buýsanmaga mümkinçilik berýän we watançylyk duýgusyny joşdurýan mukaddes düşünjedir.

“Bitaraplyk” sözi özüniň syýasy manysynda örän uly mazmuna eýe bolup, ol şu günki nesliň merdana pederlerimizden bize miras galan mukaddes topragymyzyň şanly geçmişine, şu gününe we beýik geljegine söýgi-hormat bilen garamaga, türkmeniň asyrlaryň dowamynda arzuw eden döwletiniň – Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä ýüzündäki belent mertebesine buýsanmaga hukugydyr.  Hormatly Prezidentimiz: “Bitaraplyk sözüniň esasynda biziň parahatsöýüji halkymyzyň diplomatiýasy, hukuk medeniýeti we binýatlyk ähmiýeti bolan ynsanperwerlik ýörelgeleri durýar, diýip, “bitaraplyk” sözüniň syýasy manysyna anyk kesgitleme berýär.

Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanda durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda” atly kitabynda beýan edilen “Häzirki günde biziň ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesi sebit we dünýä möçberinde ýagdaýlary durnuklaşdyrmaga, syýasy, ykdysady, ynsanperwer, ekologiýa taýdan wajyp meseleler çözülen halatynda, döwletleriň we halkara guramalaryň netijeli hyzmatdaşlygyna oňyn täsirini ýetirmegiň faktory hökmünde özüni has hem aýdyň ýüze çykarýar. Ol Birleşen Milletler Guramasynyň wezipelerini üstünlikli çözmäge ýardam bermäge hem gönükdirilendir. BMG bilen köptaraply jebis hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň ileri tutulýan strategik ugry bolup durýar” diýen ylmy garaýşy Bitaraplyk taglymatynyň häzirki zaman kesgitlemesidir.

Ynha, Milli Liderimiz “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” dogrusynda örän jaýdar garaýyşlary we pikirleri beýan edýär. Ýöne, daşary ýurtlaryň döwlet ýolbaşçylarynyň berýän bahalary türkmeniň bitaraplyk ýolunyň dürs saýlanyp alnandygyny dolulygyna subut edýär. Geliň olaryň käbirleri bilen tanyş bolalyň.

Ýurdumyza iş sapary bilen gelen BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterreşiň bellemegine görä, “Türkmenistanda bitaraplyk – has dürs saýlanan ýol, diýen çuňňur ynam bar. Hut şol hem Türkmenistana sebitde ähmiýetli orny eýelemäge ýardam berýär”.

GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy - Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew: “Turkmenistan Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap, özüni parahatçylyk söýüji Bitarap döwlet hökmünde yglan etdi. Bu gün Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygynyň esasy meselelerini çözmekde ynamdar we abraýly hyzmatdaş hökmünde çykyş edýär.”

Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti Iwo Ýosipowiç: “Eger parahatçylyk bolmasa, hiç hili ösüş bolmaz. Biz Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny we Bitaraplyk derejesini goldaýarys.”

Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Pratibha Dewisingh Patil : “Oýlanyşykly we gyşarnyksyz durmuşa geçirilýän hemişeliк Bitaraplyk syýasaty türkmen döwletine uly abraý getirýär, ol sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň möhüm şertine öwrüldi.”

Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardari: “Türkmen Lideriniň Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan transkontinental gaz geçirijisini gurmak baradaky başlangyjy örän derwaýysdyr. Ol dostlukly döwletleriň konstruktiw hyzmatdaşlygynyň simwolyna öwrülip, oňyn Bitaraplyk esaslaryna daýanýan we parahatçylygyň hem-de ählumumy rowaçlygyň beýik maksatlaryna gulluk edýän Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatyna dolulygyna laýyk gelýär. Şonuň  üçin hem bu gaz geçirijiniň gurluşygy Pakistanyň halky we ýolbaşçylygy tarapyndan gyzgyn oňlanylýar.

Ukrainanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wiktor Maýko: “Biz Bitaraplygyň ýene bir möhüm ýörelgesiniň amala aşýandygyny iş ýüzünde görýäris: Bitarap bolmak – hereketsiz bolmaklygy aňlatmaýar.”

Owganystanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň birinji sekretary Mohammad Nadir Zahiriň: “Häzirki günde Türkmenistan – öz goňşylary bilen durnukly parahat serhedi bolan käbir döwletleriň biri hasaplanýar. Meniň garaýşyma görä, bitaraplyga daýanýan döwletiň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan yglan edilen “açyk gapylar” syýasatyň, ýagny diňe gepleşikler geçirilýän stoluň başynda ähli jedelli meseleleri çözüp, gapma-garşylyklary parahatçylykly ýol bilen çözmäge ýardam berýän şu iki möhüm faktoryň hasabyna bu zatlary gazanmak başartdy.”

BMG-niň Baş Sekretarynyň Ýöriteleşdirilen wekili, Merkezi Aziýanyň öňüni alyş diplomatiýa boýunça BMG-niň Sebit merkeziniň baştutany wezipesinde işlän Miroslaw Ýenç: “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy ýurduň daşary syýasat strategiýasynyň düýp esasy bolup durýar. Türkmenistan tarapyndan yglan edilen bitaraplyk statusy oňa durnuklylygy saklamaga, ýurduň dürli gapma-garşylykly ýagdaýlaryň täsirine düşmeginiň öňüni almaga, Merkezi Aziýadaky potensial howplaryň (howply ýagdaýlaryň) täsirlerini kemeltmäge hem-de durmuş-ykdysady meseleleri çözmeklige gönükdirilen işleri amala aşyrmaga ýardam berdi.”

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Igor Blatow: “Bitaraplyk – munuň özi ilkinji nobatda, türkmen halkynyň parahatsöýüjilik häsiýetini, onuň dünýäniň ähli döwletleri, şol sanda iri hem-de kiçi döwletleri bilen parahatçylykda we ylalaşykda ýaşamaga bolan ymtylmagyny şöhlelendirýär. Türkmenistanyň häzirkizaman syýasaty türkmeniň beýik şahyry hem-de pelsepeçisi Magtymguly Pyragy eserlerinde hem şeýle beýan edilýär: Meniň halkym gahar gazaby inkär edýär. Şonuň üçin olara gaharly sözler, ajy sözler ýakmaýar.” Türkmenistan Bitarap döwlet hökmünde diňe bir sebitde durnuklaşdyryjy wezipäni eýelemän, eýsem hoşniýetli goňşuçylygyň nusgasy bolup hem çykyş edýär. Türkmen halky hemişe öz goňşularynyň agyr we kyn günlerine seslenýär. Diňe Owganystana her ýylda tonnalarça ynsanperwer hemaýat kömekleri berilýär. Türkmen tarapy Russiýa Federasiýasyna hem, haçan-da bizi tokaý ýangynlary gurşap alan halatynda, öz goldawyny we hemaýatlaryny gaýgyrmady. Biz muňa ýokary baha berýäris we unutmarys.”

ABŞ-nyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Lini Treýsi: “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasaty onuň özbaşdaklygynyň we özygtyýarlylygynyň iň ýokary kepilidir. Bitaraplyk Türkmenistana beýleki döwletler bilen özara bähbitli we birek-birege hormat goýmak gatnaşyklaryny erkin gurmaga hem-de Türkmenistanyň raýatlarynyň bähbidine gönükdirilen özbaşdak çözgütleri kabul etmäge mümkinçilik berýär. Birleşen Statlar Türkmenistanyň özbaşdaklygyna we bitaraplygyna hormat goýýar we ony goldaýar. Biz Türkmenistanyň halky we hökümeti bilen dostlukly gatnaşyklarymyza ýokary baha berýäris hem-de Türkmenistan bilen ähli ugurlarda hyzmatdaşlyk etmäge ymtylýarys. Biziň ähli tagallalarymyz özbaşdak, gülläp ösjek hem-de halkara jemgyýetçiliginiň demokratik agzasy hökmünde çykyş etjek Türkmenistana goldaw bermäge gönükdirilendir.

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly Ilçisi U Hunbin : “Hytaý BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzasy bolmak bilen, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyny, halkara syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça Türkmenistanyň başlangyçlaryny goldaýar. Olar dünýäniň ähli döwletleri üçin peýdalydyr. Şu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara durmuşyna goşan şahsy goşandyny nazara almak, şahsyýetiň  taryhdaky wajyp ornuny bellemek ýerliklidir. Türkmenistanyň Prezidenti özüniň başlangyçlarynda 4 sany meseläniň, ýagny biziň sebitimizde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de ösüşi üpjün etmegiň üstünde durup geçdi. Meniň pikirimçe, Prezident parahatçylyk we ösüş baradaky   halkara syýasatynyň özenine dogry düşündi. Biziň sebitimiz parahatçylyga we ösüşe örän mätäçdir. Meniň pikirimçe, Türkmenistanyň Prezidenti hemişelik Bitaraplygyň ruhy özenine, öz milletiniň bähbitlerine, biziň sebitimize nämeleriň gerekdigine aňrybaşy bilen düşünýär. Hemişe bolşy ýaly, Hytaý Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan içerki we daşarky syýasatyny berk goldaýar”.      

Ynha, mähriban okyjylar, men Size “Türkmen Bitaraplygy” barada soňky birnäçe ýyllaryň dowamynda ýurdumyza iş sapary bilen gelen myhmanlaryň, şu topraga iş sapary bilen gelip, birnäçe ýyllaryň dowamynda ýaşan daşary ýurtly raýatlaryň beýan eden pikir garaýyşlaryny ýetirmegi makul bildim. Çünki, biziň ýaşuly nesillerimiz Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna hem-de Bitaraplygyna eýe bolan döwründen öňki we soňky döwrüni başdan geçirdiler. Haçan-da her bir edilen işe deňeşdirme berlende, şol işiň peýdaly we peýdasyz taraplary doly açylýar. Ynha, Türkmenistan öz Garaşsyzlygyna hem-de Bitaraplygyna eýe bolup, parahatsöýüjilikli, ynsanperwer we hoşniýetli gatnaşyklary öňe sürmek bilen, öz raýatlarynyň durmuş we maddy taýdan goraglylygyny üpjün etmek bilen, bazarlarda azyk bolçulygyny emele getirdi, telekeçilige giň ýollary açdy. Ýurduň ykdysady taýdan kuwwatlanmagy bolsa, adamlaryň durmuşynyň abadan we bagtyýar bolmagyny kepillendirýär. Hormatly Arkadagymyzyň alyp barýan “Açyk gapylar” syýasaty biziň ýurdumyzda öndürilýän önümleriň hil bäsdeşlige ukyply bolup, dünýä bazarlaryna çykmagyna itergi berýär hem-de ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrýar. Şu ýerde, Milli Liderimiziň Türkmenistanyň täze daşary syýasat ugrunyň simwoliki başlangyç nokady hökmünde 2007-nji ýylyň sentýabrynda Nýu-Ýorkda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda eden maksatnamalaýyn çykyşynda: “Bu gün Türkmenistan dünýä üçin açykdyr, ähli ugurlar boýunça giň halkara hyzmatdaşlygy üçin açykdyr. Milletler bileleşigi bilen bilelikde biziň ýurdumyz geljekde hem döwletleriň arasynda häzirkizaman gatnaşyklary kesgitleýän faktorlar hökmünde halkara hukugynyň ýörelgeleriniň, ynsanperwerligiň nusgasynyň, adalatyň, geçirimliligiň, özara sylag-hormatyň  berkidilmeginiň hatyrasyna işlemäge taýýardyr.” – diýen jümlesine salgylanmak bilen, türkmen halkynyň gadymdan galan ynsanperwerlik, adalatlylyk we geçirimlik ýaly häsiýetleriniň her bir ýaş neslimiziň ýol ýörelgesi bolmalydygyny ündeýän Alym Arkadagymyzyň her bir işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýärin.


Kerim ÝAZBERDIÝEW,

Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky

Inžener-tehnologiýalar

 uniwersitetiniň 1-nji talyby