“TÜRKMENISTAN – ÝUNESKO: diýardan ýaýran ýollar” atly maslahat

2021-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň “Altyn nesil” medeniýet merkezinde ekologiýa ugurlary boýunça ÝUNESKO-nyň kafedrasynyň açylmagyna bagyşlanan wideoaragatnaşyk arkaly “TÜRKMENISTAN – ÝUNESKO: diýardan ýaýran ýollar” atly maslahat geçirildi. Bu wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen maslahatda ekologiýa ugurlary boýunça ÝUNESKO-nyň kafedrasynyň öňde goýýan wezipeleri, maksatlary barada pikir alşyldy. Maslahatda ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowa, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň professor-mugallymlary çykyş etdiler. Bu wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymlary hem-de talyp ýaşlary gatnaşdylar.


Arslan SYÝAHATOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.