Türkmenistan we Ýaponiýa: ylym-bilim babatyndaky gepleşik

 Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýew bilen Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hiroýuki Ýamamotonyň arasynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi.

 Gepleşigiň dowamynda taraplar syýasy, söwda, ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, şeýle hem ylmy gatnaşyklaryň derejesini ýokarlandyrmak barada maslahatlaşyldy. Duşuşykda bellenilişi ýaly, iki döwletiň arasyndaky millilik ýörelgesi ylym-bilime esaslanýan gatnaşyklary uzak möhletleýin esasda ösdürmäge ýardam edýär. Bu ugurda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bu ugurda gatnaşyklaryň jebisleşmegine özüniň mynasyp goşandyny goşýar. Dürli ýyllaryň dowamynda institut Ýaponiýadan gelýän talyplaryň wekiliýetini öz ýokary okuw mekdebinde myhman hökmünde kabul etdi. Institutyň talyplary bolsa “MIRAI” atly ýaşlaryň alyş-çalyş maksatnamasyna gatnaşdylar.

 Duşuşykda bellenilişi ýaly, iki döwletiň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ýola goýlan halkara hyzmatdaşlyk işjeň häsiýete eýe bolýar. Ýapon hünärmenleri ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde sapak okadýarlar. Muňa, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplarynyň Ýaponiýanyň diplomatik wekilhanasynyň işgärleriniň, Ýaponiýanyň Goranmak ministrliginiň Milli barlag institutynyň wekilleriniň okuw sapagyna gatnaşandyklaryny mysal getirmek bolar. Ýaponiýanyň parlamentiniň gurluşy, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça ylmy tejribäni öwrenmek maksady bilen, institutyň professor-mugallymlarynda düzülen wekiliýet Ýaponiýada birnäçe gezek iş saparlarynda boldular.  

 “Günüň dogup gelýän ýurdunyň” medeni we ruhy aýratynlyklaryny çuňňur öwrenmek hem-de wajyp dil endiklerini özleşdirmek üçin Halkara gatnaşyklary institutynda “Ikini daşary ýurt dili” hökmünde ýapon diliniň öwredilýändigi bellenildi. Bu bolsa, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da jebisleşýändigini we ähmiýetlidigini görkezýär.

 Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty ýokary bilim edarasy bolmak bilen, bu ýerde daşary ýurtlaryň daşary syýasatyny, aýratyn hem, Ýaponiýanyň daşary syýasy ugurlary “Aziýa we Afrika ýurtlarynyň taryhy”, “Aziýa we Afrika ýurtlarynyň daşary syýasaty”, “Daşary ýurt döwletleriniň daşary syýasaty”, “Sebit ylymlary” ýaly okuw maksatnamalarynyň çäginde öwredilýär.

 Mundan başga-da, institut Ýaponiýanyň daşary syýasatynyň ylmy esaslaryna hem uly üns berýär. Global gün tertibiniň meselelerinde esasy orny eýeleýän Ýaponiýa abraýly halkara guramalary, aýratyn hem, BMG bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde Türkmenistan bilen gatnaşygyna aýratyn ähmiýet berýär.


Serdar Rahymow,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 2 ýyl talyby